Ýyllar menden ýasan eken düňle deý
Aýanlygny hyýalynda çekeni.
Bagty gözläp, seni tapdym dünýeden,
Sygyndygym sen bolmaly ekeniň.
Bir söz diýdiň – tutuş ynsan kowmunyň
Müň ýyldanam zybanyna gelmejek.
Bagyş etdim şonda saňa ömrümiň
pursatlarny – owaz bolsa diňlejek.
Ykbal maňa gülüp bakdy sen bolup,
Içim ýakan ýyllar geldi amana.
Ömrüm meniň bir pursada deň bolup,
Diňe şol gün ýaşan ýaly hamana,
Seni däl-de, meni saňa getiren
ýollar diýdi:
“Näziň bolsa çeker bi”.
Şol söz meni al-asmana göterip,
Şol söz meni seň alnyňda çökerdi.
...Şu gün,
ertir...
ýyllarboýy diňmejek,
Yhlasyma parh goýjak biri sen.
Sen bilýärmiň, mähribanym, dünýede
Diňe seni söýmek üçin diri men.
Allanur ÇARYÝEW