olia
28.02.2023 09:54
Öz adyňy Marsa ugrat🚀
Amerikan kosmos agentligi NASA isleg bildirýänleriň ählisi öz atlaryny Marsa iberip bilmegi üçin web sahypasyny açypdyr. https://mars.nasa.gov saýtyna girip, 23 milliona golaý adamlar bilen bir hatarda öz adyňyzy Marsa ugratmak mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz. 2026-njy ýylyň iýul aýyna meýilleşdirilýän indiki ekspedisiýa "goşulmak" üçin ulanyjy diňe şahsy maglumatlaryny, ýagny, adyny we familiýasyny, ýaşaýan ýurduny, e-poçta we poçta koduny bermeli.

Maglumatlar Gyzyl Planeta gitjek USB fleş diskinde saklanar. Anketany doldurandan soň, her bir ulanyjy gidýän ýerini (Keýp Kanaweral, Florida) we gelýän ýeri (Jezero Crater) görkezýän "bilet" alýar. NASA mundan öň hem şuňa meňzeş synag geçiripdi - “Perseverance” marsohodyna diňe bir ylmy gurallar goýulman, eýsem, Ýeriň ýaşaýjylarynyň 11 million sanysynyň ady bolan fleş diskler hem ýerleşdirilipdi.
13
145
ideallider
1 Mart 2023
Agtyklarymyz "Eeeee atam ot-ekenaý, gadymyýetdede dek oturmandyr"😄👍
olia
28 Fewral 2023
Relax,gidende gelende görkezen gmailyňa habar gelýämiş))
Relax
28 Fewral 2023
olia, ýalñyşdym....haçan gtýäkä ol)
olia
28 Fewral 2023
Relax,wiý ýok 2müň 64 eken🤦🏻‍♀️
olia
28 Fewral 2023
Aslynda ööňden bäri bar eken by ýöne şuwagt tapdym. Eýýäm 22 mln 913müňden gowrak adam ýazylypdyr i her minutdan 5-6 goşulýa
olia
28 Fewral 2023
Relax,googla send your name to the mars 2026 diýseňem çykýa
Relax
28 Fewral 2023
bizde açýamy saýt?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.