❤GÜLHANYYM❤
26.02.2023 18:44
Ulugyz

Baharyň gül ysy siňipdir saňa,
Synaňdadyr säherleriň päkligi,
Alma ýaňaklaryň terligin sakla,
Senden başlanypdyr dünýäň aklygy.

Buýsanjy sen bir mukaddes ojagyň,
Başyňdadyr şol maşgalaň agramy.
Basjak ädimiňi bilip basmasaň,
Azaşdyrar ýodalaryň egremi.

Gyzlyk buýsanjyňy göter belende,
Ökünç bolup gözleriňden akmasyn.
Köpem bolsa saňa hyrydar bakjak,
Kalbyň törün ýalňyz biri saklasyn.

Sen geljekki ene, dünýäň dowamy,
Ýetilmeli menzilleriň köp heniz.
Görenler guwansyn çynar boýuňa,
Bir elýetmez lälesiň sen ulugyz.
18
95
Sheýda
26 Fewral 2023
...🔥...
Myhman Myhman
26 Fewral 2023
Like 👍
tkm _aýdymçy _ýigit98
26 Fewral 2023
😊😊😊😊😊👍👍👍👍👍👍
atakulyyewa_humay
26 Fewral 2023
🤍🤍🤍🤍🤍
nuryyewagulshat
26 Fewral 2023
,👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.