❤GÜLHANYYM❤
25.02.2023 15:48
Uzaklardan gözläp özüme syrdaş,
Ahyr golaýymdan tapypdym seni.
Özgäni özüme has ýakyn saýyp,
Hasratyñ kölüne atypdym seni.

Soñsuz sowallara jogap agtaryp,
Bigam ýürek bolupdy-la keselli.
Dost yzasyn çekýän takatsyz göwne,
Wepañ bilen sen bolupdyñ teselli.

Şol günden soñ bildim çynyñ uzakda,
Ýalanlaryñ juda ýakyndygyny.
Hemem şygry söýýän näzik ýürege,
Seniñ hemmelerden ýakyndygyñy.

Ana,ol günden soñ gaýgy-gussany,
Şatlykdyr gülkinem paýlaşdyk bile.
Meniñ-ä ýüregim sen diýip urdy,
Seniñem ýüregiñ men diýdi diñe...

Hemmeler uklardy,ýöne ikimiz,
Söýerdik gijäniñ gara nikabyn.
Sepläp synyk göwnüñ böleklerini,
Sen iñ ýakyn dostum bolduñ-kitabym!
18
135
Sheýda
25 Fewral 2023
...🔥...
Sheýda
25 Fewral 2023
atakulyyewa_humay, Dogry aýdýañ 🌹
atakulyyewa_humay
25 Fewral 2023
“Kitap yşyk girmeýän binalaryň kölegesinde üşän mahalymyz bizi öz ýylyjak dünýäsine çagyrýan dost. Ýarygije gapysyny kaksagam, birahat bolmaýan, ýüz öwrenimizde gynanyp, öýke-kine edip ýörmeýän dost. Bermegi halaýan, emma berende minnet etmeýän, berdim diýip, tumşugyny göge tutmaýan ýoldaş...
senorita
25 Fewral 2023
Hakyky hem syrdaş hem maslahatçy, garaz iñ gowy dost 👍😊
Myhman Myhman
25 Fewral 2023
Gowy goşgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.