BaýramBejidow
24.02.2023 09:35
Iller ýaly.

Köýmän geçmedik ýokmuşyn,
Ýanan boldum iller ýaly,
Söýgi bir ajap zatmyşyn,
O:ñan boldum iller ýaly.

Ýamana ýaman diýsegem,
Niýet baglymy küýsege?,...
Şükür, sabyr et diýseler,
Çaman boldum iller ýaly.

A:ñtaryp, alajyn tapyp,
Duýgymy arzuwma sapyp,
Ýüz görenme, ýüzüm ýapyp,
Gülen boldum iller ýaly.

Ýüzüne çalsalar aklyk,
Gursagma gözledim päklik,
Ynamy, yhsany nätdik?...
Dyman boldum iller ýaly.

Añyrsy boş wadalardan,
Iripdirin, irmez ýaly,
Gorkýan indi sadalardan,
Ýaman boljak iller ýaly...

2015ý.

Awtory: Baýram Bejidow
14
125
Myhman Myhman
24 Fewral 2023
Doglan güniñ gutly bolsun ýaşyñ uzyn bolsun
gulshatayewa97
24 Fewral 2023
Bu gün şadyýan zat paýlaşmalyda senem ýanyp ýörmän🤗🌺🌷🪷❣️
jemal_seyitniyazowa
24 Fewral 2023
Bärde sada bolup gezsek o dünýede gülenimiz gowy... duýgularyňy setire geçirip bilmegem gowy zat💕💕
Azik
24 Fewral 2023
Gutly bolsyn uzak ýaşa dos
tkm _aýdymçy _ýigit98
24 Fewral 2023
Doglan günüň gutly bolsun dos uzak ýaşa çagalaryň agtyk çowlyklaryňa guwanyp ýaşa ömrüň uzak bolsun dossum
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.