Dowran Carygulyyew...
14.03.2020 22:40

Onda bar
Ýaşyl öwsüp ala dagyň degresi,
Aýlanyp çykmaly ýollar onda bar:
Geýinip çykarlar mahmal, begresi,
Şeýle şahandazly iller onda bar.

Gaýalary ýalkym atar her çende,
Ýakymly şemallar öwser her günde,
Atylan ok ýaly barar her kanda,
Çaparman, gyl boýun
mallar onda bar.

Dag başyndan şaglap geler çeşmesi,
Görmedige kyndyr münüp-düşmesi,
Ýakyn geldi miwelerniň bişmesi,
Her elde zerewşan güller onda bar.

Söze gulak salyň eý ýary-ýaran,
Aman-esen bolsun bizleri soran,
Bulutlar joş urup, köp ýagsa baran,
Daga-daşa uran siller onda bar.

Özüniň islegi-göwnüne ýeten,
Täze dogan aý dek sallanyp öten,
Mätäji aglady ýat edip watan,
Uzyn boýly inçe biller onda bar.

Mätaji
5
821
BBaharjyk❣
15 Mart 2020
Howwa menem goyan suratym yitipdir. ??
Dowran Carygulyyew...
15 Mart 2020
Yegen onki goyan postlarymyz yityamay

Men 2 postym yitipdir ony yitmez yaly eden bolsa gowy bolardy admin
BBaharjyk❣
15 Mart 2020
Howwa. Gidesimem gelenok welin ejemdä
Dowran Carygulyyew...
15 Mart 2020
Tuweleme gutly bolsun toy bolsun
BBaharjyk❣
15 Mart 2020
Yok gutardym bugun toya gitmeli.
Dowran Carygulyyew...
15 Mart 2020
Ha gutarmadyñmy sazyñy men diñlemane barjakdyma saglykmy özi
BBaharjyk❣
15 Mart 2020
Howwa gowy. Gowmy senem. Kumusun yazanyny okap gordumlay. Yone men bu gunem oyde bolmayan
Dowran Carygulyyew...
15 Mart 2020
Salam bahar gowymy yagdaylaryn ertirin hayyrly bolsun duyn korpe yegen geldi seni sorady gowulyk tel tazelapdir
BBaharjyk❣
15 Mart 2020
Salam dayy gowy gosgy. ??
merdan_user
15 Mart 2020
bravo
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.