jemal_seyitniyazowa
23.02.2023 00:06
Ýeňil işe tiz ýapyşdym, kynlaryny soňa goýdum,
Şänik ýaryp, maňzyn iýdim, gabygyny saňa goýdum,
Çaýlamaga joraň gelse, sen ýene-de gyzyň öwdiň,
Gör-ä durmuş niçiksi zat, ýörän ýoluň hile-gapan,
Ýagşyň ýaýyp, aýbyň ýapjak, ilki bilen ejeň eken.

Gyssanyber, däli köňlüm, wagtyň şol bolşy tizlänok,
"Ah bu durmuş ejeň däl-dä", ejizleseň ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleýär, güzaby ýok, azaby ýok,
Köp aýdardyň, diňlemezdim, soňam boldum, derde çöken,
Awunubam arzyň aýtsaň, ejeň seni diňlär eken.

Awtoryny bilemok.
21
123
gayrat_
23 Fewral 2023
Ohshdhdudhdhs
jemal_seyitniyazowa
23 Fewral 2023
Madmazella, mende diňe şul ikisi bardy
Madmazella
23 Fewral 2023
Doly görnüşini goýmala ekeniň gaty manyly gowy goşgy şul
BaýramBejidow
23 Fewral 2023
jemal_seyitniyazowa, elbetde ☺️
jemal_seyitniyazowa
23 Fewral 2023
BaýramBejidow, 😍 manyly ýazýa
BaýramBejidow
23 Fewral 2023
Awtory: Ogulnur Ataýewa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.