Ejesi ölen okuwçy we mugallymy.. dowamy.
Kerim ýylyň soňuna çenli synpdaky iň zehinli okuwçylaryň biri boldy. Selbi mugallym ähli okuwçylary deň derejede gowy görýändigini aýtsada, Kerimi başgaça gowy görýärdi.
Bir ýyl soňra, Selbi mugallym gapysynyň aşagynda Kerimden gelen bir haty eline aldy, Kerimiň şu wagta çenli eýe bolan iň gowy mugallymydygy barada ýazylgydy.
Alty ýyldan soňra Kerimden ýene bir hat geldi.
1-nji kursy tamamlandygyny, synpda üçünji ýerdedigini we häzir hem onuň durmuşyndaky iň gowy mugallymy Selbi mugallymdygyny ýazypdy.
Mundan dört ýyl soňra, kä wagtlar kynçylyklaryň ýüze çykmagy bilen okuwda galýandygyny we iň ýokary bilimli okuwçy bolup okuwy tamamlap biljekdigi ýazylgydy.
Ýene Selbi mugallymyň şu wagt hem Kerim üçin iň ajaýyp mugallymydygyny ýazypdy.
Soňra ýene dört ýyl geçdi başga bir hat geldi.
Bu gezek fakultetde diplomyny alanyndan soňra, has hem ökdeleşmäge karar berendigini aýdýardy.
Ol hat onuň häzire çenli iň gowy we iň halaýan mugallymydygyny aýdýardy.
Ýöne Kerimiň ady ol hatda has uzyn ýazylgydy:
Professor Lukman Kerim Selimow.
Kerim bir gyz bilen tanyşandygyny we onuň bilen öýlenjekdigini aýdýardy.
Kakasynyň bir-iki hepde mundan öň ýogalandygyny aýdýardy we toý gününde Selbi mugallymyň öýlenjek oglanyň ejesi üçin aýrylan ýerde oturup oturmajagyny soraýardy.
Selbi mugallym pikirlenmän kabul etdi.
We biljek boluň näme boldy?
Monjuklary dökülen ol bilezigi dakyndy.
Hem-de, Kerimiň ejesiniň çalynýan müşkünden çalyndy.
Bir-birlerimi gujakladylar we Lukman Kerim, Selbi mugallymyň gulagyna şulary pyşyrdady:
"Maňa ynananyňyz üçin size sagbolsun aýdýaryn, mugallymym. Maňa meniň gerekdigimi duýdurdyňyz we beýlekilerden üstünligimi ýüze çykaryp biljegimi görkezeniňiz üçin köp sagbolsun aýdýaryn"
Selbi mugallym gözleri ýaşly şulary diýdi:
"Ýalňyş düşünjelere eýedim,
Bir üytgeşiklik ýüze çykaryp biljegimi maňa sen öwretdiň.
Seniň bilen tanyşýançam, nädip öwretjegimi bilmeýärdim.
Asyl men saňa sagbolsun aýtýaryn".
Soňy.
Türk dilinden terjime eden:Jemal Seýitniýazowa