BaýramBejidow
21.02.2023 22:37
Käbäm ejem aglamasyn!.


Görkezmesin ýowuz güni,
Gussa bagryn daglamasyn,
Päk göwnüne tiken çümüp,
Käbäm ejem aglamasyn.

Beýgelsin ýene-de bir gez,
Kalbynda galmasyn tegmil,
Damja gözýaşyna degmez,
Käbäm ejem aglamasyn.

Gora, eý Hak Perwerdigär,
Bolduk senden umydygär,
Şatlygy galsyn ýadygär,
Käbäm ejem aglamasyn.

Barmyş beterinden beter,
Geçmişi unutdym, ýeter,
Ýylgyrsa ýaralam biter,
Käbäm ejem aglamasyn.

Geldim ak süýtden kemala,
Zar bolup, mähir, jemala,
Umydy uçup şemala,
Käbäm ejem aglamasyn.

Boljagy az bolaryñam,
Haýyry ýok olaryñam,
Haky ýokdur soganyñam,
Käbäm ejem aglamasyn.

Geljege umydyn baglap,
,,Balam" diýip bagryn daglan,
Şu çaka bukulyp aglan,
Käbäm ejem aglamasyn.

Awtory: Baýram Bejidow

21
81
Myhman Myhman
2 Mart 2023
Ejem aglamasyn...
Madmazella
21 Fewral 2023
Ondada gadyrbilmez biz 😔
tkm _aýdymçy _ýigit98
21 Fewral 2023
👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.