olia
21.02.2023 14:43
"Kolumbyň güni" aslynda kimiň güni ýa-da Amerikany kim açdy?

Eýsem Amerikany kim açdy? Bu sorag ritoriki ýaly bolup görünýändir: Hristofor Kolumbyň ýolbaşçylygyndaky ispanlaryň ilkinji bolup Amerika yklymyna aýak basandygyny her bir okuwçy bilýär we bu waka 1492-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda bolup geçdi. Şeýle-de bolsa, birinjiligiň kime degişlidigi babatdaky jedeller häli-şindi dowam edip gelýär.

Amerikada mesgen tutan ilkinji adamlar, takmynan 20 müň ýyl ozal Aziýadan Bering geçelgesi (Iki materigi ýa-da materigi ýarym ada bilen birleşdirýän ýa-da iki suw howdanynyň arasynda ýerleşýän inçe ýer zolagy) boýunça göçüp gelen ýerli indeýleriň ata-babalarydyr. Amerika ýerli däl adamlardan ilkinji bolup gelenler diýlip şu aşakdakylar aýdylýar:

GIPOTETIKI TAÝDAN:
Köne dünýäniň her dürli siwilizasiýalarynyň deňizçileri tarapyndan Kolumbdan öň Amerika baryp görlüp we ýerli ilaty bilen aragatnaşyga girilendigi barada birnäçe gipotezalar bar. Esasanam, Tur Heýerdal tarapyndan öňe sürlen "Amerika müsürliler tarapyndan baryp görlüpdir" diýen teoriýa has meşhur. Bu teoriýany subut etmek üçin 1969-70-nji ýyllarda köne tehnologiýalar bilen gurlan Ra we Ra-2 gämilerinde ekspedisiýalar gurnaldy. Birinji gämi Karib adalaryna çenli baryp bilmedi, emma oňa ýetmek üçin bary-ýogy birnäçe ýüz km aralyk galypdy. Ikinji gämi barmaly nokadyna üstünlikli ýetdi. Mundan başga çaklanylýanlar:
•miladydan öňki 371-nji ýylda Finikiýalylar;
• V asyrda - Hueý Şen (5-nji asyrda Fusan ýurduna (käbir pikirlere görä, Ýaponiýa ýa-da Amerika bolup biler) syýahat eden hytaý budda monarhy);
• VI asyrda - Keramatly Brendan (Irlandiýaly monarh);
•X asyrda wikingler ýerli ilat bilen söwda etmek üçin Amerika gidipdirler;
•XII asyrda - Madog Op Ouaýn Gwined (Uelsyň şazadasy, rowaýata görä, 1170-nji ýylda Amerika baryp gördi);
•käbir çaklamalara görä, Amerikanyň bardygy azyndan XIII asyrdan başlap tamplierler ordenyna belli bolupdyr;
•1331-nji ýylda - Abubakar II (Maliniň soltany);
•1398-nji ýyl töweregi - Genri Sinkleýr (de Sankt Kleýr), graf Orkneý (1345-1400-nji ýyllar);
•1421-nji ýylda Çžen He (hytaýly gözlegçi);
•1472-nji ýylda - Huan Korterial (Portugaliýa).
Bu çaklamalaryň ählisi diýen ýaly rowaýatlara, halk arasyndaky gürrüňlere esaslanýar we ylmy taýdan subut edilmegi mümkin däl hasaplanylýar.

KOLUMBDAN 500 ÝYL ÖŇ
Emma, ylmy taýdan subut edilen we alymlaryň hiç biri tarapyndan jedel edilmeýän käbir faktlar bar. Bular takmynan biziň eýýamymyzyň X-XI asyrlaryna degişli.
Amerika Kolumbdan öň barylandygynyň birinji we has meşhur wakalary wikinglar bilen baglanyşykly. 900-nji ýyllarda Gunnbýorn diýen adamyň gämisi ýolundan çykyp, Islandiýa barmagyň deregine günbatarda heniz belli bolmadyk ýere barandygy barada rowaýatlar bar. Bu Täze Dünýä baradaky ilkinji ygtybarly ýatlamalar diýip hasaplanýar. 982-nji ýylda adam öldürmekde aýyplanan we Islandiýadan kowlan Erik Torwaldson Gunnbýornyň gören ýerlerine gitmegi makul bilipdir. Oňa we ýanyndaky adamlara ol ýere barmak we kiçiräk oba döretmek başardypdyr. Torwaldson baran ýerini Grenlandiýa diýip atlandyrypdyr. Bir ýyldan soň Erik Islandiýa gaýdyp gelip, ýany bilen gitmäge başgalaryda çagyrypdyr. Onlarça gämilerde wikingler Grenlandiýa gelipdirler. Soňra olar Leýf Erikssonyň (ýagny, Erigyň ogly) ýolbaşçylygynda has günbatara we kenaryň ugry boýunça günorta syýahat edipdirler we Newfoundlanda çenli baryp ýetipdirler. Erik bu ýerlerde üzümiň köplügi sebäpli Winland diýip at beripdir.
Emma wikingler bu ýerde ornaşmadylar. Ýerler hasyllydy, ýöne onuň üstünde öz ýerlerini bermek islemeýän ýerli urşujy indeýler bilen söweşmek kyndy. Leýfyň dogany Torwald we başga-da köp sanly wikingler şol uruşlarda ölüpdir we galan wikingler yzyna dolanmaly bolupdyr. Olaryň syýahatlary barada "Gyzyl saçly Erik baradaky sagada" we "Grenlandiýalylar baradaky sagada" (saga=epos) giňişleýin aýdylýar.
XX asyryň ikinji ýarymyna çenli wikingler hakyndaky rowaýatlarada hiç kim ynanmaýardy, emma arheologik tapyndylar sagalaryň ýalan däldigini subut etdi - Grenlandiýada we L'Ans-o-Medouzda (Newfoundland, Kanada) wikingleriň meşhur "uzyn öýleri" we birnäçe artefaktlary tapyldy. Tapylan tapyndylar 1000-nji ýyllaryň başlary bilen senelenilýär, şeýle-de köp wagt däl-de, birnäçe ýylyň dowamynda takmynan 30-dan 160-a çenli adamyň ýaşan biljek obajygy hökmünde suratlandyrýar. Tapylan ýerleriň Leýf Erikssonyň ýerleşen ýeridigi ýa-da däldigi barada-da anyk subutnama ýokdur.
L'Ans-o-Medouzda tapylan wikingleriň ýaşan ýerleri häzirki döwürde muzeýe öwrüldi we ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
17
126
olia
21 Fewral 2023
okayjy,Osman imperiyasyny beyik diyyas patyshalary tagt un ÖZ cagalaryny doganlaryny olduren. Hazir orta cykyp Osmanlylar akyl taydan ya dushunje taydan pes diysem hemme garshyma gider goni) diyjek bolyanym olar ucin norm zat hazir bize gen))
okayjy
21 Fewral 2023
olia, Bolup biler ýary hiristiyan yary Odine ynanyar yone bilelesip kop yeri basyp alýalar sonunda yenede ozlerini ozlerii yok etyar...
olia
21 Fewral 2023
okayjy,ynanclary dushunjeleri sheyledigi akyl taydan pes bolan diymek dal. Akyl taydan pes adamlar 10njy asyrda Atlanticany kesip gecip bilmezdi. Yone dushunje taydan pes diyseniz dogry olam 10-njy asyra gora gen dal)
okayjy
21 Fewral 2023
olia,Eger akyl taýdan ösen bolsalar bir-birlerni gyrmazdylar soñunda...
olia
21 Fewral 2023
okayjy,bashga Hudaya ynanlary ucin akyl taydan pes diyyanizmi? Mena sylagym uly olara guran gamilerine eden urushlaryna. Yone akyl taydan pes dalde beter wagshymyka diyyan)
okayjy
21 Fewral 2023
olia,Salam. Vikingler 🤔. Güýçli taýpa ýöne akyl taýdan pesiräk Odine ynanýan bolmaly şolar ýalñyşmasam kinosyny göripdim azajyk
olia
21 Fewral 2023
okayjy,gysgaca Amerika materigine Kolumbdan on wikingler barypdyr diyya. Shuwagt pikir etdim yekeje sozlemde aydyp boljak zady shunca zatlar bn dushundirjek bolpdyryn😑🤦🏻‍♀️
okayjy
21 Fewral 2023
Okamadym 😶. Taryh bilen gatnaşyk ýok kän 👍
olia
21 Fewral 2023
Maýa06,ýöne şu wikingleriň barany üsti açylansoň 1964nji ýyldan bäri şondan 3 gün öň Erikssonyň güni bellenip başlanan ýerlerem bar
olia
21 Fewral 2023
Maýa06,12 oktýabr latyn Amerika ýurtlarynda hatda ABŞdada Kolumbyň güni diýip baýramçylyk bellenýär. Olar 1492niň 12nji oktýabry diýip kabul edýä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.