Tylla saçlaryňy ýaýdy ikindi ,
Seň ýollaryňa Şo-ol garadym oturdym .
Bu durmuş düýş bolup duýulmaz indi ,
Sen ýene kalbyma şowhun getirdiň .
Häzir başga birin salsa-da ýada.
Şapaga boýalan galňas köýnegiň ,
Gowsy , sen barlygyň aňma dünýäde.
Öň bir köýüp , soň ýene-de söýmegiň ,
Saçlaryňy ýat elleriň sypanyn duýup.
Diýäýme :"Baryny gürrüň bersene,
Menden öňem birin söýdiňmi ? "Diýip
Soraýma soraýma ýalbarýan saňa ,
Duýulmasy zatlar duýulman galsyn,
Soralmasyz zatlar galsyn soralman.
Nämä gerek bar bir şowsyzlygy ,
Ýene-de bir gaýtaladyp ar almaň .
Arzuwly günlerden gürrüň açaly ,
Ynan bagtlydygňa, ýürekden söý sen .
Aýdylmasyz zatlaryň ýitsin açary,
Bilinmän galan zatlar azmy nä eýsem?!