Söýgi gitdi, umyt gitdi, yşk gitdi,
Senem gitdiň gözlerimden saýlanyp,
Ene ýere ýalbarypdym kän gezek,
"Şol gözele duşur" diýip, "aýlanyp".
Gitmesene, menden gowsy barmyka,
Meň üçin-ä ýokdy senden ajaýyp,
Garyp dünýäm bir özüňe baglyka,
Ýuwaşjadan barýaň, gözümden gaýyp.
Gitmesene, ýürek-bagrym elener,
Arzuwlarym ýetim galar ýagyşda,
"Sensiz galsam bir gün ýaşaman" diýrdim,
On ýyl bäri ýaşap ýörün, bagyşla...
Maksat Esenow