Ýaşamadym il ýaşanja şekilli,
Mekanym ýer bilen aýyň arasy.
Bägüle meňzetmen, däldiň tikenli,
Sen söýen kalbymyň orhideýasy!
Gargalara gülki bolan bilbill men,
Sorap görseň: barypýatan güňmişim.
Şu görnüşe - şol gülümsiz geldim men,
Olar üçin suwotu-da gülmişin.
Gussalaram meň üstüme hekgerdi
Ýol ýitirdim.
Ýitdi durmuş matlabym.
Owazymy ýerdäkiler ýek gördi,
Doga bilen arşa gitdi hatlarym.
Hiç bir ýagtysy-da gerek däl - Günüň,
Ýetik - bolsa, her bir aýtjak sözleň şem.
Dünýäm sowuklygna gamlanma, Gülüm!
Dogabitdi sowuk bilen öwrenşen.
Duýgularym ykmanda deý gezmesin,
Dowam etjek ýalňyzlygyň ýolun kes!
Dyman ýürek yşga joşup sözlesin,
Yşgyň bilen kapasaňa salsaň bes!
Ylham GURBANALYÝEW
02.2023