Yok, biz bir eneden inmedik dünýä,
Yöne bir saçagyň iýdik çöregni.
Owadan däl, zehinlidik, alçakdyk,
Daglandyrys nije ýigdiň ýüregni...
Synpdaşdygam, synp otagmyz aýrady,
Men-ä horja, senem tokarja gyzdyň.
Belki häsýetimiz hünär saýlady,
Men-ä dilli senem çeperje gyzdyň.
Indi ýyllar geçdi buýra saçymyz,
Çal sepenem bolsa garranok göwün.
Eýýäm otuz alta ýetdi ýaşymyz,
Herne ömrümize düşmesin düwün.
Ikimizem 3 perzendiň ejesi,
Herimizde iki ogul ýeke gyz.
Balajyklaň şowlawersin bijesi,
Bagtly borus şolar bilen goýsak yz.
Men ejemi aldyrsamam barybir,
Meniň ejem üçin aglaýaň senem.
Meniň kalbym seniň kalbyň ýarydyr,
Sebäp seniň eneň meniňem enem.
Munda yürekdeşlik kän zada bagly,
Görkezmesin gözýaş bilen boglanyň.
Yükli bol, bolmawer yüregi dagly,
Synpdaş, göwündeşim, doganoglanym!