violinist
20.02.2023 06:59
Görjegem däl.
Görmegiñem islämok.
Bilsem boldy gelip-gidýän nepesiñ.
Göwnüñ jylawyny elime berip,
Synaga salýañmy bu päli pesiñ?!

Bir umydym ýatlamalar ýeñlese,
Kiparlasa wadalaryñ şemaly.
Irde-giçde geçmişimi sermeläp,
Boljak borun öñkim ýaly kemally.

Geçse geçsin günlerimiñ kerweni,
Ýazylmasyn ýazgydyma señ adyñ.
Bagtly bolýan bolsañ, boluber mensiz,
Menem sençe bagty borun bir ýadyñ.

Ýogsa näme kofe bilen dertleşip,
Şonuñ renkin çalaýynmy alnyma.
Başardykça bagta bagty öwredip,
Bataryn men "bal kölüniñ balyna".

Gülnabat HÜRŞIDOWA
15
120
violinist
20 Fewral 2023
CcRaZy Girls,"Gülkünç, bagt dilemek ga:ldyryp gamda.." :))
CcRaZy Girls
20 Fewral 2023
Bagtly bolyan bolsan Boluber mensiz:))🙄
Myhman Myhman
20 Fewral 2023
Name ucin Soyga gezek gelende..Ejizleyar bir entek oglanlar..jadylykmy namartlykmy ya basgalyk..Aglap otyr erkek diyip doglanlar?
Myhman Myhman
20 Fewral 2023
Name ucin soyga gezek gelende
tkm _aýdymçy _ýigit98
20 Fewral 2023
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.