olia
20.02.2023 00:17
Laýka: dünýädäki iň ýalňyz we betbagt it.

Bu gahryman it kosmosa uçurylan haýwanlaryň ilkinjisi boldy. Ilkibaşda onuň ornuna iki sany köçeden tapylan itler Muha we Albina dalaşgärlik edýärdiler. Olar şol wagta çenli eýýäm iki sany suborbital uçuşy tamamlapdylar. Emma Albina güjüklere garaşýardy we alymlaryň ite rehimi gelipdi, sebäbi uçuş kosmos syýahatçysynyň Ýere gaýdyp gelmegini göz öňünde tutmandy.

Netijede, saýlaw Laýka düşdi. Ilkibaşda, betbagt haýwan uzak wagtlap uçmaly gabynyň makedynda saklandy we uçuşdan öň dem alyş we impuls datçiklerini ýerleşdirmek üçin operasiýalary geçirdi. Laýkanyň uçuşy 1957-nji ýylyň 3-nji noýabrynda bolup geçdi. Uçuş wagty itiň pulsy ýokarlanandygy hasaba alyndy, emma haçanda ol agramsyzlyk ýagdaýyna ýetende kadaly ýagdaýa çenli düşdi. Orbitada bir hepdä golaý ýaşap biler diýip çaklansa-da, uçuş başlanandan 5-7 sagatdan soň Laýka öldi. Haýwanyň ölümi stress we aşa gyzmaklygy bilen esaslandyryldy. Emma, käbir adamlaryň pikirine görä, onuň ölümine alymlaryň emeli hemranyň göwrümini hasaplamakda eden ýalňyşlyklary we termoregulýasiýa sistemasynyň ýoklygy (uçuş wagty "bortda" temperatura 40°C derejä çenli ýetdi) sebäp bolan bolup biler. 2002-nji ýylda it kislorodyň berilmeginiň kesilmegi netijesinde öldi diýen pikir hem döredi.

Emeli hemra içindäki ölen it bilen Ýeriň dasyndan 2370 gezen aýlandy we 1958-nji ýylyň 14-nji aprelinde Ýeriň atmosferasyna girende ýandy. Sowet raýatlary bolsa, itiň öleninden soň ýene bir hepdäkiň dowamynda ol barada "maglumat" alyp durdylar. Diňe şondan soň gazetlerde iti alymlar tarapyndan "meýletin" öldürilendigi aýdyldy. Laýkanyň ölüminiň senesi we esasy sebäbi gaty köp wagt geçenden soň aýan boldy. Bu maglumatlar belli bolandan soň bütin dünýäde haýwan hukuklaryny goraýjylar tarapyndan sowet alymlary tankytlanylyp başlandy. Olar hatda itleriň ornuna kosmosa SSKP MK-nyň şol wagtky birinji sekretary Nikita Hrýuşowy ugratmagyda teklip etdiler. 1957-nji ýylyň 5-nji noýabrynda "The New York Times" gazeti Laýkany "dünýäniň iň tüýlek, iň ýalňyz we iň betbagt iti" diýip atlandyrdy...
28
245
olia
20 Fewral 2023
Maýa06,howwa wagtyndan ir uçany üçin köp zatlary kämil edilmedik bolýada
Maýa06
20 Fewral 2023
Menem goýjakdym sen birinji goýupsyň gaty gynandymda o döwürler SSR bilen Amerikaň arasyndaky dawa sebäpli uçmaly wagtyndan ir uçurulupdyr diýibem berýär SSR birinji kosmosa janly iberjek bolup wagtyndan haas ir uçurypdyrlar
olia
20 Fewral 2023
Relax,hiçle ýeke siz beýle däl🙂
Relax
20 Fewral 2023
olia, kän ruşça blen aram ýok
yakup allabayew
20 Fewral 2023
Birinji gezek okadym 👍
olia
20 Fewral 2023
Relax,lýaguşka gurbaga diýmegiň rusçasy🤦🏻‍♀️
Relax
20 Fewral 2023
olia, eşidemok
olia
20 Fewral 2023
Relax, lýaguşka gurbaga bolýa👀
olia
20 Fewral 2023
Relax,kosmosda ölen haýwan köp ýöne bu birinjisi bolansoň.. aslynda amerikanlar ýewropalylar tankyt eden bolup olaryňam göýberen birgiden maýmynlary fransuzlaň pişikleri ölen.. hatda ýere şowly gonandan soň gonan ýeri 2-3 günlap tapylmansoň ölen haýwanlaram bar..
melek06
20 Fewral 2023
Relax,🤷🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.