Paradise
19.02.2023 23:25
***

Penjiräňden seret , aglaýar asman,
Göterip bilenok bulutlañ derdin,
A men ýene biraz pikire çümüp,
Ýeke gujagymy geçmişe gerdim.

Şeýlebir bagtlydym , az wagt bolsada,
Dünýäniñ şatlygyn elime berdiñ,
Şu ömrüme görmedik ähli zadym,
Sen meniñ yanymda bar wagtyñ gördüm.

Ynjan ýürek zol zol sorar mähriñi,
Añmasañda menem şol duýga zardym.
Ynanaý eý Perim öz elim bilen,
Hanjar urup , öz kükregimi ýardym.

Berip bilmedimmi gerek zadyñy?
Diýen sorag bilen men kän oýlandym,
Ara dûşendede uzak menziller,
Meñ gözdûmde hemmelerden saýlandyñ.

Ahmyrym yok , gaýta bergili saña,
Sen meniñ bar zadym diýeniñ ûçin.
Ömrümi eliñe bersemem azdyr,
Bir pursat bolsada , söýeniñ ûçin
27
121
violinist
20 Fewral 2023
Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym, Çünki meň geçmişim seniň söýgiňdir..
yakup allabayew
20 Fewral 2023
👍👍👍👍👍👍
okayjy
19 Fewral 2023
Ömrümi eliñe bersemem azdyr...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.