moonlight
19.02.2023 16:08
Äkit meni alyslara bir günlik,
Gaýgy gussaň ýok ýerine täleýim.
Şu ýaşan ömrümde ýekeje sapar,
Menem bagtyň gujagyna dolaýyn.

Şol ýerlerde armanlarmy unudyp,
Ahmyr bilen garamaýyn yzyma.
Meni şunça ýyllap depelän durmuş,
Öňümde bir gezek çöksin dyzyma.

Birje günlik boşap galan dünýämi,
Şatlygyňa,şowhunyňa beslegin.
Ajy ýatlamalar ýekeje günlik,
Dyrnamasyn ýaralarmyň kesmegin.

Goý çözülsin hiç bolmanda bir günlik,
Kalbymda könelen kineleň çigni.
Menem birje gezek duýup göreýin,
Bagtly bolmaklygyň nämedigini.

Äkit meni alyslara bir günlik,
Gaýgy gussaň ýok ýerine täleýim.
Ýeke gün ýaşaýyn ýaşan şekilli,
Razy soňra öňkiligme galaýyn.
19
86
CcRaZy Girls
20 Fewral 2023
Gu₩anc💡,seni akitjek dal beh:)😊
Perishdejik
19 Fewral 2023
Äkit meni alyslara bir günlik...
zolushka
19 Fewral 2023
Şu ýaşan ömrümde ýekeje sapar, Menem bagtyň gujagyna dolaýyn!
Gu₩anc💡
19 Fewral 2023
CcRaZy Girls, ýör ýör nirde bolya alys
CcRaZy Girls
19 Fewral 2023
Ber elini yor gideli alyslara:)🤭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.