BaýramBejidow
18.02.2023 23:10
Satjak bolsañ.


Ykbala ýüzlenýän näler,
Gussa-da synaýar hälem,
Dowullar hökmanam däl-ä,
Duýgularyñ hötjet bolsa.

Pikiri giñ, düşünje dar,
Bilimi zor, amaly har,
Okanyñ ne peýdasy bar,
Şor beýnide ýatjak bolsa.

Erkiñ bar, şeriñ bar guwan,
Hakykat duz, ýalan ýuwan,
Çuñlugyn bildirmez suwam,
Bulansa ýa akjak bolsa.

Söýgüñ özi bir pajyga,
Kim ýeter seniñ dadyña,
Çoýunmañ yşkyñ oduna,
Ojar ýaly ýakjak bolsa.

Tikinip ýalandan possun,
Aýbyn açyp, bukup rastyn,
Mugtyna gazanma dosty,
Gara şaýa satjak bolsañ!...

Awtory: Baýram Bejidow
14
104
Gu₩anc💡
18 Fewral 2023
Berekella👉👍
mgm
18 Fewral 2023
👍🏻👏🏻👍🏻👏🏻👍🏻👏🏻
Gara şaýa satjak bolsaň👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.