ylham_1989
18.02.2023 21:47
Geçmişdäki täsin seneler


0-njy mart ýa-da 0-njy ýanwar, 30-njy fewral ýa-da 31-nji fewral. Bular taryhdaky günler. Emma nädip beýlekä?

Taryhdaky täsin seneler sözüni ilkinji gezek okanyňyzda, bu barada biraz pikir eden bolmagyňyz mümkin. Ýöne bu gün siz ýene bir täze maglumaty öwrenersiňiz. Nähili maglumat diýýärsiňizmi? Ozal bar bolan, ýöne, häzirki wagtda ýitip giden ýa-da onuň barlygyndan bihabar günlerimiz barada.

Mysal üçin, 0-njy ýanwar we 0-njy mart diýilýän güni ozal eşidipdiňizmi? 30-njy fewral ýa-da 31-nji fewral? Dünýä ýurtlary bu seneleri taryhda dürli sebäplere görä ulandylar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen näme üçin ýitdikä? Näme üçin häzirki wagtda 31-nji fewral diýilýän gün ýok? Aslynda, olaryň hersiniň başga bir sebäbi bar…

Düşündirişi ilkinji nobatda fewral aýyndan başlalyň. Adatça fewral aýynyň 28 gündigini we her 4 ýyldan bir gezek 29 gün bolýandygy ählimize mälim bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, taryhda bir wagtlar 30-njy fewral we 31-nji fewral bolupdyr. Senenamany tertiplemek maksady bilen 30-njy fewral gününi Şwesiýa we Finlýandiýa öz ýyl senenamalarynda (kalendarlarynda) ulanypdylar.

Günbatar ýurtlary miladydan öňki 46-njy ýylda Sezar tarapyndan kabul edilen Julian senenamasyny XVI asyra çenli ulanypdyrlar. Emma, Julian senenamasyndaky kiçi ýalňyşlyk ýüze çykarylandygy sebäpli, Günbatar ýurtlary XIII Rim Papasynyň döreden komissiýasy tarapyndan taýýarlanan Gregorian senenamasyna (milady senenamasy) geçipdirler. Beýleki tarapdan Şwesiýa we Finlýandiýa, Julian senenamasyny 1700-nji ýyldan başlamagy we Gregorian senenamasyna geçmegi bolsa, öňdäki 40 ýylyň içinde amala aşyrmagy meýilleşdirdi. Emma Şwesiýa üçin 1700-nji ýyla derek 1704-nji we 1708-nji ýyl boldy. Bu ýagdaý, Şwesiýa senenamasynyň Julian senenamasy bilen deňeşdirilende 10 gün yza galmagyna sebäp boldy. Bu bulaşyklygy aýyrmak üçin 1712-nji ýylda iki gün senenama goşulypdyr. Şeýlelikde, 30-njy fewral ýüze çykypdyr. Şwesiýa Gregorian senenamasyna geçmegi 1753-nji ýylda tamamlady. Şeýle-de bolsa, 30-njy fewraly gün hökmünde kabul eden diňe şwesiýalylar däldi. Bir wagtlar ähli aýlary deň hasaplaýan Sowet Soýuzy hem 30-njy fewraly gün hökmünde ulanýar eken.

Sowet Soýuzynda 1929-1932-nji ýyllar aralygyndaky aýlaryň hemmesi 30 gün bolupdyr. Mundan başga-da, galan 5-6 gün hiç bir aýa degişli bolman dynç alyş güni hasaplanypdyr. Şeýlelik bilen Sowet Soýuzy 1930-njy we 1931-nji ýyllarda 30-njy fewraly ulanypdyr. Emma bu ynkylap senenamasy, 1932-nji ýylda gaýtadan öňki kadaly ýagdaýyna getirilipdir.

Gregorian senenamasynyň hyýaly güni bolan 31-nji fewral, Kristiana Haag atly aýalyň dünýeden ötmegi bilen mazar daşyna ýazylmagydy. Häzirki wagta çenli mundan başga, hiç bir çeşmede 31-nji fewral barada maglumata duş gelinmändir.

Onda size bir aýyň 0-njy güni hakynda aýtsak näme pikir edersiňiz? Geň görýäňiz, şeýle dälmi? Mysal üçin, taryhyň täsin seneleriniň arasynda 0-njy ýanwar we 0-njy mart diýilýän iki aýry gün hem bolupdyr. Bulardan 0-njy ýanwary 31-nji dekabra alternatiw at diýip pikir edip bileris. Mysal üçin, sanly ulgamda wagty ýazmaga mümkinçilik berýän döwür 1900-nji ýylyň 0-njy ýanwaryndan başlaýar. Şeýle hem, 0-njy ýanwarda asman jisimleriniň şol pursatdaky hereketlerini takyk hasaplamak üçin ulanylandygyny hem belläliň!

0-njy mart hem 0-njy ýanwar ýaly hyýaly sene. Käwagt astronomlar fewral aýynyň soňky güni bilen manydaş 0-njy marty ulanýarlar. Beýleki tarapdan, 0-njy martyň başga bir wezipesi hem bar. Mysal üçin, 0-njy mart Microsoft Excel ýaly programma üpjünçiliginde böküş ýyllaryny we üýtgeýän möhletli aýlary aňlatmak üçin ulanmak mümkindir!
24
550
yakup allabayew
18 Fewral 2023
Tasin👍
olia
18 Fewral 2023
2028-nji ýylda bir sekunt wagt goşulmaly diýýälermi🤔
tkm _aýdymçy _ýigit98
18 Fewral 2023
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.