ylham_1989
18.02.2023 13:10

Toý tutmak däbi


Ýer ýüzünde toý tutmak her ýeriň öz däbine, ýaşaýyş durmuş şertlerine görä dürli-dürlüdir. Geliň, onda şol däp-dessurlaryň birnäçesine göz aýlalyň:

Hindi ynançlaryna görä, toý tutulýan güni ýagşyň ýagmagy toý tutýan ýaş juwanlara bagt getirýär.

Iňlisler toý lybaslarynyň içinden möý çyksa, şowlulyk diýip hasaplaýarlar eken.

Gündogar halklarynda durmuşa çykjak gyzyň ýaman gözlerden goranmak üçin elini we aýagyny hyna boýaýandygyny eşidipdiňizmi?

Gollandiýadaky däbe görä bolsa, ýaş çatynjalaryň ýaşajak howlusyna sosna agajy ekilýär. Olar sosna agajyny ekmek bilen onuň bagt getirjekdigine hem-de täze maşgalanyň nesliniň dowam etjekdigine ynanypdyrlar.

ABŞ-da her ýyl nika ýüzüklerini ýasamak üçin 17 tonna altynyň sarp edilýändigini ulanylýandygyny bilýärdiňizmi?

Maglumatlara görä, Dünýäniň iň gymmat tutulan nika toýy 1981-nji ýylda Şeýh Raşid bin Said Al Magtumyň ogly we Dubaýyň şa zenany Salamanyň tutan toýudyr. Olar nika toýuny tutmak üçin takmynan 44 million dollar sarp edipdirler.

Günorta Afrikada ýaş çatynjalaryň ene-atalary däp boýunça öz ojaklaryndan ot alyp gaýdyp, täze maşgalanyň ojagynda ýakýar.

A siz toý hakynda nähili täsin maglumatlary bilýärsiňiz?
21
464
dawit
21 Iýul 2023
🥰🥰🥰😍😍😍🥰😍😍
olia
18 Fewral 2023
okayjy,ýokhou edil olar ýaly däl. Her kimde her hilli ýone iki maşyn bezelýäni dogry))
tkm _aýdymçy _ýigit98
18 Fewral 2023
okayjy, Şäherden
okayjy
18 Fewral 2023
tkm _aýdymçy _ýigit98, Sen nirden 🤔
tkm _aýdymçy _ýigit98
18 Fewral 2023
okayjy, aý bilmedim garnaşlarmyz toý edende dürli ýerlerde düşüp gördik restoranda da gelinaljyda da
okayjy
18 Fewral 2023
tkm _aýdymçy _ýigit98, Aşgabatda gijede-gündizem düşilýä umuman 3 gezek düşilýän ýerem bolýa şäheriñ içinde
tkm _aýdymçy _ýigit98
18 Fewral 2023
okayjy, Aşgabatda Gelinaljyda surata düşünýän eken arkestr bilen
okayjy
18 Fewral 2023
Bag ekmek gowy pikir . Çynar ekäýsemmikäm menem🤔
okayjy
18 Fewral 2023
Daşogyzda Gelnaljy maşyn 2 sany bolýan eken birine oglan beýlekäde gyz mündirilýär 😂.
tkm _aýdymçy _ýigit98
18 Fewral 2023
👍👍👍👍👍👍✅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.