BaýramBejidow
17.02.2023 23:09
EJE!

Alada basdymy ýa-da garrylyk,
Aýt ejejan saña nämeler bolýar?
Gasynlar üýşüpdir ýüzde, ýygrylyp,
Aýt ejejan saña nämeler bolýar?.

Õtülmez gussamy ötürenim sen,
Arzuwmy maksada ýetirenim sen,
Gerek diý, guş süýdin getireýin men,
Aýt ejejan saña nämeler bolýar?.

Çagadyk, zor ykbal sürende höküm,
Gijeler ýatmadyñ el işi , tikin,
Ýeñledeýin az-kem gerdeniñ ýükün,
Aýt ejejan saña nämeler bolýar?.

Şunça y:zalary bir tene diräp,
Bagryñmy, ýürekmi, syzlaýar niräñ?
Ýañy bir orta ýaş, entekler ir-ä...,
Aýt ejejan saña nämeler bolýar?.

Owaly Alladan gelende perman,
Derdiñe tapylar em, däri-derman,
Şu gezejik maña göwünlik bermän,
Derdiñ aýt jan käbäm nämeler bolýar?.😔

Baýram Bejidow
22
155
Myhman Myhman
20 Fewral 2023
Çagasy aglasa ejesi çaganyñ nàme diýip aglaýandygyna dùşunip bilýar ,Çagalar ulalandan soñ ejesiniñ nàme isleýàndigini biljek bolmaly
Shining ✨
18 Fewral 2023
Eje bar syryñy,derdiñi soraman biler,öz derdini,syryny bolsa hiç belli etmez👍🏻
senorita
18 Fewral 2023
Ýũrekdãki syrlañ bilesim gelýãr, Aýt Ejemjan, saña nãmeler bolýar? 🥺 Ajaýyp goşgy 👍❤️
tkm _aýdymçy _ýigit98
17 Fewral 2023
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.