Ejesi ölen okuwçy we mugallymy...
Mugallym okuwuň ilkinji gününde bäşinji synpyň öňünde durka okuwçylara ýalan sözledi:
Köp mugallymlar ýaly, okuwçylara seretdi we hemmesini deň derejede gowy görýändigini aýtdy.
Ýöne bu mümkin däldi, sebäbi birinji partada Kerim Selimow otyrdy. Selbi mugallym 1 ýyl öň Kerimi synlapdy we beýleki okuwçular bilen oýun oýnamaýandygyny, egin başynyň hapadygyny we mydama egin başyny hapa saklaýandygyny görýärdi.
Köplenç bolsa ol synpdaşlaryna garşy ters hereket edýärdi bu ýagdaý şeýle bir ýere geldi welin Selbi mugallym Kerimiň ýagdaýy sebäpli oňa ikilik baha goýmakdan lezzet almaga başlapdy.
Selbi mugallymyň mekdebinde, her okuwçynyň geçmişi hakda ýazylan kagyzlaryň gözden geçirilmegi buýruldy. Kerimiň kagyzlaryny iň soňuna goýdy.
Emma onuň durmuşy barada okanynda, haýran galdy.
Kerimiň 1-nji synpdaky mugallymy şeýle ýazypdy:
Kerim ýylgyrmaga taýýar ajaýyp okuwçy. Öý işlerini tertipli ýerine ýetirýär we arassaçyl hem-de terbiýeli. Onuň biziň töweregimizde bolmagy gyzykly.
2-nji synpdaky mugallymy şeýle ýazypdy:
"Kerim örän gowy okuwçy, synpdaky okuwçylar tarapyndan halanýar, ýöne ejesiniň agyr hassalygy sebäpli öýdäki ýaşaýşy kynçylykly geçýär".
3-nji synpdaky mugallymy şeýle ýazypdy:
"Kerimiň ejesiniň ölümi onuň üçin gaty agyr düşdi. Kerim elinden geleniniň iň gowusyny ýerine ýetirmäge çalyşýar, ýöne onuň kakasy oňa üns bermeýär we käbir ädimler ädilmese öýdäki ýaşaýşyna hem täsir edip başlar".
Kerimiň 4-nji synpdaky mugallymy şulary ýazypdy.
"Kerim ähli zady içine salýar we okuwda sapaklara üns bermeýär. Köp dosty ýok we kä wagt synpda uklaýar".
Bulary okap bolanyndan soňra, Selbi mugallym özünden utandy.
Okuwçylary oňa owadan sowgatlary getirip berenlerinde-de erwet duýýardy.
Kerimiň getiren sowgadyny eline alýança ol şeýle dowam etdi.
Kerimiň getiren sowgadyny alanyndan soňra ony okuwçylaryň arasynda açyp görmäge çekindi.
Selbi mugallym sowgadyň içinden käbir monjuklarynyň üzülüp gaçan we ýasama gaşlary bolan bir bilezigi çykardy hem-de ýarsy doly bolan müşki eline aldy. Ony gören käbir okuwçylar güldi. Ýöne bilezigiň owadandygyny dile getiren Selbi mugallymy eşden okuwçylar seslerini goýdular.
Bilezigi dakyndy we müşgi çalyndy. Kerim, ol gün okuwdan soňra mugallymyna şulary aýtmak üçin galdy.
"Mugallymym bu gün sizden edil ejemiňki ys gelýärdi"...
Çagalar gideninden soňra Selbi mugallym iň az bir sagat aglady.
Ol günden soňra okamak, ýazmak, arifmetik barada öwretmegini bes etdi. Onuň ýerine çagalara terbiýe bermäge başlady.
Selbi mugallym, Kerim'e aýratyn üns berýärdi. Onuň bilen sapak geçýärkä, zehininiň janlanmaga başlanyny gördi.