olia
17.02.2023 09:46
1. Gün sistemasynda 8-den köp planeta bolup biler.
Gün ulgamy kosmosyň iň gowy öwrenilen bölegidir. Resmi taýdan tassyklama görä, ol 8 planetany öz içine alýar. Hakykatda bolsa, olar has köp. Bu ýerde azyndan 5 sany "karlik" planetalary bar. Olar Pluton, Serera, Haumea, Makemake we Erida. Ýerden gaty uzak aralykda ýerleşendigi üçin olar az öwrenilen. Mundan başga-da, alymlaryň pikiriçe, Gün ulgamynda ýene-de takmynan 2 müň töweregi "karlik" planetalary bolup biler. Şeýle-de, köp astrofizikler 9-njy uly göwrümli planetanyň bardygyny ykrar edýärler. Ol Neptunyň ululygynda we Ýerden 10 esse agyr bolup biler. Alymlar syrly X planetasynyň bardygyny 2014-nji ýylda çaklap başladylar we 2016-njy ýylda kompýuter simulýasiýalaryny ulanyp ilkinji subutnamalary aldylar.

2. Almazdan we grafitdan durýan planeta.
Ýene-de bir syrly planetany alymlar Içýan ýyldyzlar toplumyndan tapdylar. Ýel uniwersitetiniň işgärleriniň çaklamalaryna görä, ol planeta Ýerden 2 esse uly we 8 esse agyr. Emma iň esasysy - Ýanssen tutuşlygyna grafit we almazdan durýar. Planetanyň agramynyň 3-den 1 bölegi şu maddalardan ybarat. Forbes žurnaly planetany $26,9 nonillýon (!!!) diýip bahalandyrdy. Kosmos ölçeglerine görä, almaz planetasy bizden kän uzakda däl - bary-ýogy 40 ýagtylyk ýyly uzaklykda. Emma planetanyň üstki temperaturasy 2,148°C ýetýär we onuň aýlanma tizligi şeýle bir ýokary welin, bu ýerde bir ýyl 18 sagada deň. Mundan başga-da, ýakynda alymlar planetanyň bir tarapynyň erän ýagdaýda bolup, uglerod lawasy görnüşindedigini aýtdylar.

3. Aý bolmasa suw ýaşaýjylarynyň köpüsi öler.
Eger-de Ýeriň hemrasy ýitirim bolsa, global betbagtçylyk bolup durasy ýok. Birwagtlar Aý gijelerine ýagtylygyň ýeke-täk çeşmesi bolupdyr, ýöne häzir adamlar onsuzam ýaşap bilýär. Emma käbir üýtgeşmeler barybir bolup geçer. Meselem, suwda ýerine ýetirilýän sport görnüşleriniň köpüsiniň soňy geler. Aýyň fazalary tolkunlara täsir edýär - biziň planetamyzyň üstünden geçende ol öz ýany bilen suw massalaryny çekýär. Ýaşaýyşy ýokary we pes tolkunlara bagly bolan ähli suw haýwanlary öler. Aý bolmasa Ýerde Aý we Gün tutulmalary bolmaz, Ýeriň tektoniki plitalary süýşüp, Ýerde köp sanly ýertitremeleriniň, wulkan atylmalarynyň bolmagyna getirer. Iň esasysy-da, Ýeriň klimaty öňküsi ýaly bolmaz.

4. Kosmosda sessizlik höküm sürýär.
Planetamyzdaky iň sessiz ýer Orfold laboratoriýasyndaky sessiz kamera hasaplanýar - ol ýer sesleriň 99,99%-ini "ýuwudýar". Emma bu ýerde-de hiç hili ses ýoklugy duýup bolmaz. Sessizligi biziň öýkenlerimiziň we gan aýlanyş sistemamyzyň sesleri bozar. Häzirki günde, bu laboratoriýada her dürli synaglar geçirilýär we enjamlar barlanýar. Mundan başga-da şuňa meňzeş izolirlenen ýerlerde NASA-nyň işgärleri geljekki astronawtlary barlag edýärler. Kosmosda howa ýokdugy sebäpli hiç hilli ses ýokdur. Şonuň üçin hatda güýçli galaktiki partlamalar hem doly ümsümlikde bolýar. Şeýle şertlerde işlemek gaty kyn: sessiz wakuumda geçirilen birnäçe minutlar taýynlyk görmedik adamlarda howsala hüjümlerine we agyr eşidiş galýusinasiýalaryna sebäp bolup biler.

5. NASA-nyň her bir skafandry $22 milliondyr.
Kosmos agentligine skafandr ýetmezçilik edýär. Şol sebäpli hatda aýal kosmonawtlar toparynyň ilkinji kosmos çykyşy hem ýatyryldy. Ony soňa goýmaga mejbur boldular we 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda geçirildi. NASA täze skafandrlaryň önümçiligi üçin 200 million dollardan gowrak maýa goýdy. Muňa garamazdan, Baş inspektor Pol Martiniň hasabatyna görä, bölümiň ygtyýarynda bary-ýogy 11 sany kosmos kostýumy bar. Olar ýetmişinji ýyllaryň ahyrynda işlenip düzüldi we hyzmat ediş möhleti geçen asyrda gutardy. Skafandrlaryň köne sowadyş ulgamynyň näsazlygy sebäpli, kosmonawtlaryň kaskalarynda çyglyk ýygnanýar. NASA-nyň inženery Pablo de Leon-iň aýtmagyna görä, şular ýaly kostýumyň hersiniň agramy 150 kg-dan gowrak we bahasy 22 million dollar.
17
205
Myhman Myhman
17 Fewral 2023
Gorkuly we gyzykly
AýgülÝazweliýewa
17 Fewral 2023
Gyzykly eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.