olia
16.02.2023 21:05

GAÝADA SURAT ÇEKMEK SUNGATYNYŇ DÜRDÄNELERI

Şowe gowagy (Fransiýa)
Bu täsin arheologiki ýadygärlik 1994-nji ýylda fransuz speleology Žan Mari Şowe tarapyndan açyldy.
Gowakdan atlaryň, ýolbarslaryň, kerkleriň, möjekleriň, bizonlaryň we beýleki haýwanlaryň 300-den gowrak gaýa suraty tapyldy. Radiokarbon barlagy aýry-aýry "suratlaryň" ýaşynyň 30-33 müň ýyldygyny görkezdi. Çyzgylaryň saklanyp galyşy hem haýran galdyrýar. Özüňize baha beriň:
Gaýada surat çekmek sungaty

Gynansakda, olary hemmeler görüp bilmeýär - gowak näzik suratlaryň ýok edilmezlik maksady bilen köpçülik üçin ýapyk. Sebäbi ýagtylygyň, temperaturanyň we çyglylygyň sähelçe üýtgemegi olary zaýalap biler. Hatda arheologlar hem ol ýerde birnäçe sagatdan köp bolup bilmez. Emma nemes režissýory Werner Herzog gaty şowly: oňa bu sungat galereýasy barada - "Ýatdan çykarylan düýşleriň gowagy" atly dokumental filmi döretmek başartdy.

Newspaper Rok (ABŞ)
Monticello (ahuta) şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu gaýa, iň uly daş suratlary hasaplanýar, onuň her inedördül metrinde gaty köp sanly petroglif bar. Umuman, gaýada 650 töweregi surat bar.

Alymlaryň pikirine görä, suratlary Kolumbdan öňki Fremont we Anasazi medeniýetleriniň gadymy indeýleri çekipdir. Petroglifleriň gadymy döwürde-de, ýewropalylar bilen duşuşanlaryndan soň hem oýulan bolmagy gaty ähtimal. Çyzgylarda ýabany doňuzlary, mamontlary we bizonlary awlamak, atlary we öküzleri eldekileşdirmek, tigir we beýleki gurallary oýlap tapmak barada aýdylýar.

Kuewa-de-las-Manos (Argentina)
Gowagyň ady sözme-söz terjime edilende "Elleriň gowagy" diýmegi aňladýar. Sebäbi gowagyň gaýalarynda ýüzlerçe sany (jemi 800 surat) el yzlary bar, üstesine-de olaryň 90%-i çep eliň yzlary. El yzlary 13,000-den 9,000 ýyl ozal, eliň töweregine boýag sepmek bilen edilipdir.

El yzlarynyň köpüsini gowagyň girelgesinde görmek bolýar we bu ýere gireniňde gelýänlere salam berýän ýaly görünýar. Şeýle hem gadymy indeýleriň elleriniň şekilleri uly ýaşa geçmegi alamatlandyrýar diýen pikir bar, şonuň üçin indeýleriň ata-babalary tarapyndan hormatlanýan bu ýerde ýetginjek oglanlaryň elleriniň yzlary goýlupdyr. Gowakda el yzlaryndan başga-da haýwanlaryň suratlary - nandu-düýeguşynyň we guanakonyň şekilleri, şeýle hem petroglifler bar.

Altamira (Ispaniýa)
Ispaniýanyň demirgazygyndaky bu gowagy başgaça "Ilkidurmuş sungatynyň Sikstinsk kapellasy" diýilýär. Paleolit döwrüne degişli bolan suratlaryň ýaşy 20 müň ýyl diýlip çaklanylýar. Suratlara reňk bermek üçin gadymy suratkeşler kömürden we beýleki tebigy reňklerden peýdalanypdyrlar, gaýanyň oýlaryny we galyň ýerlerini surata göwrüm bermek üçin ulanypdyrlar. Suratlaryň şeýle bir kämil çekilipdir welin, hatda ylmy köpçülik ilkibaşda suratlaryň hakykylygyna şübhelenipdir we gowagy açan alym Marselino de Sautuly galplykda aýyplapdyrlar. Diňe 1902-nji ýylda arheologyň ölüminden soň, suratlaryň hakykylygy tassyklanypdyr.

Häzirki günde suratlaryň zeper ýetmeginiň öňüni almak maksady bilen gowak turistlar üçin ýapyk. Onuň ornuna 2001-nji ýylda Altamiranyň ýanynda ýerleşýän muzeýde gowagyň uly plafon pannosynyň göçürmesi döredildi.

Alta (Norwegiýa)
Gaýada surat çekmek sungatynyň iň ulylarynyň biri we turistlar üçin açyk bolanlarynyň ýeke-tägi Norwegiýanyň Alta şäherinden 4 km uzaklykda açyk asmanyň astynda ýerleşýär. Haýwanlaryň (balyklaryň, keýikleriň), awçylaryň we balykçylaryň, dini däp-dessurlaryň, tans hereketleriniň 5 müňe golaý suraty 1970-nji ýyllarda açyldy. Bu sungat eserleri b.e.öňki 4200-den 500-nji ýyllara çenli bu ýerlerde-de adamlaryň ýaşandygyny subut edýär.

Açyk asmanyň astynda ýerleşen 3 müňden gowrak suratlar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.


22
227
olia
17 Fewral 2023
Serwi,hovva şunuň üçin sorapdym:)
olia
17 Fewral 2023
best_person,ikiside
yakup allabayew
17 Fewral 2023
👍👍👍👍👍👍👍
gulshatayewa97
16 Fewral 2023
Baýbu tüweleme
olia
16 Fewral 2023
okayjy,salam. Aý hovva)
okayjy
16 Fewral 2023
olia,Salam. Esasan Geografia bilen taryha gyzykýañ òýitýän 🤔. Post 👍
Shining ✨
16 Fewral 2023
Täsirli,täsin gowy toplanan👍🏻
olia
16 Fewral 2023
Çeşme: naked-science.ru saýty
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.