BaýramBejidow
15.02.2023 20:40
Iliñkiden üýtgeşik däl durmuşym,
Ýazgydymam sadalykdan ýazylan.
Esasy zat şolañ şonlugna şükür,
Ikimiz bir ýolda, dogry çyzylan.

Bolmasa-bolmasyn, her gün mähremlik,
Günleñ gelşin kabul edýäs biz bile.
Esasy zat gözlermiz aýry däl,
Gözler doýsa söýgi geçermiş dile.

Dile geçýän söýgi ýalandanmyşyn.
Gulagam ýalana gulak asarmyş.
Şonda kalpda ejiz galyp ysnyşyk,
Aýralanyp eginlerni gysarmyş.

Sözleñ şalygna salyp berseñ bes,
Ýüregiñde ýaşamagma rugsadyñ.
Gül gerek däl, ýa suratly almalar,
Sözleñ ýetik gutlamaly pursadyñ.


Laçyn Öwezowa
16
159
BaýramBejidow
15 Fewral 2023
violinist, 😁
violinist
15 Fewral 2023
"Laçkam gowudyrla" diýýän kimdi))
Shining ✨
15 Fewral 2023
Ÿürekden çykan söz ÿürege barÿar.👍🏻
MerjenChorliyeva
15 Fewral 2023
Gulleri halayannn❤️❤️❤️
zolushka
15 Fewral 2023
Sözler ýürekden çykýan bolsa ýeter...
tkm _aýdymçy _ýigit98
15 Fewral 2023
🤔🤔🤔🤔🤔🤔🤔🤔🤔
gulshatayewa97
15 Fewral 2023
Menä gül gerekdäl dýjekdäl, gül gerek (gury sözden palaw bolmaz😁)
tkm _aýdymçy _ýigit98
15 Fewral 2023
Leýla💔, hawwa gapdaly bilen ýüzügem aljak nesip bolsa
tkm _aýdymçy _ýigit98
15 Fewral 2023
Leýla💔, suratdaky ýaly gülden ikisini aljak
Leýla💔
15 Fewral 2023
tkm _aýdymçy _ýigit98,hm geliniñä begener:))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.