Şaperi❄️❄️
15.02.2023 14:39
Entek ýaş wagtynda başlapdyr söýgi,
Başlandan soň ony gynapdyr gaýgy.
Kalby bilen söýdi halan gyzyny,
Şondan soňam köp gezek urdy dyzyny.

Sebäp diýseň söýgi ony harlady,
Oň ýüregne gyz ýüregne baglydy.
Ýöne gyzda oňa garşy söýgi ýok,
Emma şondan özge göze görnenok.

Bir taraply söýgi gynaýar ony,
Belki agyr durmuş synaýar ony.
Her deminde şol gyz diýip zeýrenýär,
Näme üçinkä gyz oglany ýigrenýär.

Okuwdan ünsüni sowdy bir ýana,
Diňe şol gyz diýip gelýär heýjana.
Dokuz ýyllyk okuwçylyk döwründe,
Kalby ýara aldy şol bir öwrümde.

Bir damjada gyzdan oňa mähirden,
Zat berlenok başga ajy gahardan.
Her gören ýerinde kemsitdi ony,
Nähili ajy bu bilýärin muny.

Her gije ýatanda şol gyz düýşinde,
Bir zatlar samraýa gündiz huşynda.
Şeýle bir sadady ýüregi onyň,
Ýar diýip atyrýar her gije daňyn.

Okuwam gutardy, indi durmyşda,
Jogapkärli ýeri başlady ýaşda.
Öňki ýaly günde gyzy görenok,
İň bolmanda sesini hem duýanok.

Suraýdy ýürekden söýýeniň ady,
Aklyna salmaýar özgäni ýady.
İne bir gün gybat bolup eşdildi,
Gyz başga ýarmyşyn, dowzah başlandy.

Söýen ýürek zaryn-zaryn aglaýar,
Gören wagtyň ýüregiňi daglaýar.
İçini gürledýär her gündiz gije.
Hiç kime gerek däl bu agyr bine.

Hudaýa sygynyp nalynýar indi,
Aglaýyp gözlerniň ýaşlary diňdi.
Allajanym niçün saldyň bu derde,
Meň ýalyň söýgüsi galarmy ýerde.

Söýülmäge mynasybam dälmi men,
Kalbym gan aglaýar ser salyp görseň.
Şeýdip agyr derdi çekmeli boldy,
Şonda-da ýüregi Suraýdy şol-dy.

Umydyn üzmedi hiç wagt ondan,
Şol garaşyp ýörşi gelerne birden.
Suraýam söýüpdi bagty däl puly,
Pul diýip bolupdy bir ýigdiň guly.

Bir gün duşuşyga gidende gije,
Bir ýerlere bardy balar bileje.
Otyrdylar köne jaýyň içinde,
Hiç kimler ýok gyz namysdan gaçanda.



Dowamy bar....





19
385
butterfly
15 Fewral 2023
owrenmeli_app, gmailinize yazdym jogap berayin
butterfly
15 Fewral 2023
owrenmeli_app, mana care goresin gelyan bolsa gmailden yazdym jogap berayin
butterfly
15 Fewral 2023
owrenmeli_app,men sol agza bn dawa edip otyrnmy suwagt.
butterfly
15 Fewral 2023
owrenmeli_app, gorjekmi ilki baslanynkyny gor men nam etdim su yerde. Postlara pikir yazmagam blnkmy inni.
Şaperi❄️❄️
15 Fewral 2023
owrenmeli_app,bolýa bagşlarsyňyz indi gaýtalamarn!
butterfly
15 Fewral 2023
Şaperi❄️❄️, yagdayyna seretsin. Borla kici dyp sylansyk edip zat diymedim
Şaperi❄️❄️
15 Fewral 2023
Butterflyz howa özüne nämedirin öýtýarak?🤦🏻‍♀️
butterfly
15 Fewral 2023
Şaperi❄️❄️, okap gordunmi mana yazan zatlaryny
butterfly
15 Fewral 2023
owrenmeli_app,salam admin. Mesele yok. Adam sylamany basaranokk kabiri. Bir zat diyp diymankan iki zat diya kabiri
Şaperi❄️❄️
15 Fewral 2023
owrenmeli_app,dawany goyduk !
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.