violinist
15.02.2023 10:22
Ýene goňur gözlem gussa gaplandy,
Gaplandy ýüregim yzaly duýga,
Meni bir ýigidiň söýgüsi bilen,
Söýüp bilmediňmi mätäçkäm söýgä.

Soňky günler oňuşmagam kyn bolup,
Maňa ýaran saňa ýakman başlady,
Geçen güýzde tutulmaly toýmuzyň
“Ol-bul” diýip, hiç gurrasy duşmady.

Kalbyňdan özümi gözledim näler,
Aýdyň gözde del sypata çakyşdym
Ýa-ha meni owal başdan söýeňok,
Ýa sen söýgä özge gözde sataşdyň.

Seýrekleýär senden gelýän jaňlaram,
“Söýemok diý” diý gönüläp oňarsaň,
Sen meni beýdib-ä ýeňip bilmersiň,
Meni diňe mensiz oňup ýeňersiň...
19
119
MerjenChorliyeva
16 Fewral 2023
Gowy gosgy eken 👍
HangeldiAmanberdiýew
15 Fewral 2023
Özini söýip bilmeyande söýgi name işlesin ilki bn óziñe bolan sylag hormat soygi bolmaly Kermi aga aýtyara söýülseñ söý söýülmeseñ süýkenme dp
tkm _aýdymçy _ýigit98
15 Fewral 2023
Shining ✨, çyn söýgi toýdan soň başlanýar
Shining ✨
15 Fewral 2023
Çyn söÿgi başa barmadyk söÿgidir👍🏻
tkm _aýdymçy _ýigit98
15 Fewral 2023
Like 👍.......
Leýla💔
15 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
jemal_seyitniyazowa
15 Fewral 2023
Ýetip bilmedigimize söýgi diýdik...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.