jemal_seyitniyazowa
14.02.2023 08:38
Kakamyň bagry diliner...

Ejiz başym gama batsa,
Şamar saçym çaňa batsa,
Şu habar gulagna ýetse,
Ne dag, ne-de ýer elener,
Kakamyň bagry diliner!

Aýdyp ýörmesede daşdan,
Aladamyz gara başda,
Kakalaryň bolşy başga,
Ol diňe duýup biliner,
Kakamyň bagry diliner!

Edip kaddy berse-de ýaý,
Zähmetsiz gün däl göwne jaý,
Bolsa garyp göwnüm paý-paý,
Ne aglanar, ne gülüner,
Kakamyň bagry diliner!

Mert bolsa-da bardyr göwni,
Perzentlerine gurban ömri,
Buşluk üçin çeken şöwri,
Ýerne salynmaz, salynar,
Kakamyň bagry diliner!

Naçar başymyň derdini,
Aýdyp bilmesem bergili,
Garrapdyr kakam görgüli,
Diýsem umydym üzüler,
Kakamyň bagry diliner!

27.02.2022 ýyl
23:39...♡

Gülşirin Hanowa...♡
22
142
Myhman Myhman
15 Fewral 2023
Bägülede Salam aýt👋.
Myhman Myhman
15 Fewral 2023
Men gowysyramok,diňe ýagdaýyňy soradym🥺jögileme😖.bu gün geldimä ýöne hasabymy bilemok girip bilemok, gelmişekmişim😭
Myhman Myhman
15 Fewral 2023
Gowmy ýagdaýyň jögi😭
gulshatayewa97
14 Fewral 2023
Wauw gowy goşgy eken💜
tkm _aýdymçy _ýigit98
14 Fewral 2023
jemal_seyitniyazowa, sps köp köp
jemal_seyitniyazowa
14 Fewral 2023
tkm _aýdymçy _ýigit98, sagboluň size-de ýetirsin)
jemal_seyitniyazowa
14 Fewral 2023
AýgülÝazweliýewa, 🌸🌸🌸
tkm _aýdymçy _ýigit98
14 Fewral 2023
jemal_seyitniyazowa, gutly bolsun höwesjeňiň höwri köp bolsun
jemal_seyitniyazowa
14 Fewral 2023
Bitter, howa🥺
AýgülÝazweliýewa
14 Fewral 2023
🥺🥺🥺🥺 damagym dolup gitdi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.