ylham_gurbanaly
14.02.2023 06:19
Her gün ýene adaty gün dogup dur,
Peýdamydyr jürküldisi guşlaryň?!
Ünjilerem nobatyna gelip dur,
Gatnawlary deýin awtobuslaryň

Güneş meni däl-de, gyzdyrýar ýeri
Gursagymda doňup galan parçalar
Oýa batdym.
Bu aýazly gyş güni
Meniň ýaly üşeýärmi arçalar?

Jogaby ýok soraglara kän gitdim,
(Ýalňyzlara ýetdirmedik yşk kimde?)
Rahatlygy kagyz ýüzde şa etdim,
Pikirleriň ynjalyksyz köşgünde

Göwünlik berdim-de, gaýtalap ýördim
Diňlenmedik ykbalymyň käkesin
Hiç kime bildirmän, gizlenip iýdim
Yşgyň sowgat beren gussa kökesin

Her ädimde şowsuzlygyň ýarydym,
Duşmasa-da pişikleriň garasy.
Diňe meniň üçin ýanýan ýalydy,
Köçeleriň her gijeki çyrasy.

Arzuwlam - bulutlaň eýläpdi törün,
Umytlarym ynanjaň hem sadady.
Emma, häzir şeýle ýagdaýda durun:
Ýalňyzlykdan ýadawlygym ýadady...



Ylham GURBANALYÝEW

14.02
17
152
ylham_gurbanaly
14 Fewral 2023
Myhman Myhman, Sagboluň, bile ýalkasyn!
Myhman Myhman
14 Fewral 2023
Ylham Gurbanaly ajayyp goshgyñyz ucin TANRYYALKASYN
AýgülÝazweliýewa
14 Fewral 2023
Gowy bolupdyr, galamyň ýiti bolsun)
tkm _aýdymçy _ýigit98
14 Fewral 2023
ylham_gurbanaly, tanamadyň öýtýän dos
tkm _aýdymçy _ýigit98
14 Fewral 2023
Serwi, bu goşgy gazala öwrüp bolmaýar estrada görnüşde aýtsam bolýar
tkm _aýdymçy _ýigit98
14 Fewral 2023
ylham_gurbanaly, bu goşguda gazak aýdyp bolmaýar
ylham_gurbanaly
14 Fewral 2023
tkm _aýdymçy _ýigit98, küştdepdi depseň näderkä)
Leýla💔
14 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
tkm _aýdymçy _ýigit98
14 Fewral 2023
ylham_gurbanaly, şu goşgyny estrada görnüşde halk aýdymy edip aýdyp bolmazmykaraý dos
ylham_gurbanaly
14 Fewral 2023
Serwi, erbet däl, gowmy işler)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.