Madmazella
13.02.2023 19:21
Galyňa ýazýaňyz kagyz üç metr
Geýiljek geýimden gök çaýa çenli
Gelýän gudalaň gözleri çykýa
Çaşýa ýöräp bilmän o jaýa çenli

Bu galyň belasyndanda beter
Ara daş bolsada gyz berilenok
Nämemiş gyz berseň lebapdan mara
Dereksiz ýitýämiş soň görülenok

Zamana serediň mährem ejeler
Ýoluňda otly bar asmanda uçar
Görjek diýseňizem hepdede her gün
Bu ýollar şol gyzyň üstünden geçer

Daş ýollar galmady golaýda bary
İndi Amerika salymda ýetýäs
Oýlanyň ejeler çuňdan oýlanyň
Biz haýsy zamanaň gürrüňin etýäs

Galyňam goýalyň aradaşlygam
Esasy bagt dälmi beýgelden bizi
Birje gezek meňem aýdanym diňläp
ÖZ SÖÝEN ÝARYNA BERİŇ SİZ GYZY!
16
129
Şaperi❄️❄️
13 Fewral 2023
Gowy goşgy...👏👍😍
Madmazella
13 Fewral 2023
zolushka,avtoryny bilemok klipde gördüm
zolushka
13 Fewral 2023
Nurana Arslanowanyň goşgusy bolmaly dälmi?
gulshatayewa97
13 Fewral 2023
Bitter, dogry aýdýaň galyň hokman geçirilmeli ýöne buwagtky ýaly bir birinden galmajak bolup haşaň haşaň zat däl ylaýjak ýagdaýda. Ara daşlyk çyndanam problema menä daş ýere çykasym gelenok
Tokio
13 Fewral 2023
Bişeý diýil
Madmazella
13 Fewral 2023
Tokio,sagbol
Madmazella
13 Fewral 2023
Bitter,her hili ýagdaý bolýara buvagt köp kişi çenini bilenok ep esli ýazýalar ol ýagdaýy pes bolsa kimiň günäsi
Madmazella
13 Fewral 2023
k_25n,ay garaz ilki seredilýän zat sypat şoňçün güle meňzedilýändir hä
Madmazella
13 Fewral 2023
k_25n,pes bolmagy mümkin hemem aradaşlyk bar eken
Leýla💔
13 Fewral 2023
k_25n,hana şoň üçün saňa babnik diyyan 😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.