zolushka
12.02.2023 23:26
Durmuş ýoly....
3-nji bölüm.
Toýdan soň Aýmelek gaýyn öýünede tiz öwrenişdi olaram Aýmelegi öz gyzy ýaly kabul etdiler. Merdan bolsa Aýmelege diňe Melegim diýip ýüzlenýärdi. Hatda köp adam oň adyny Melekdir öýtýädi. Olar öz otaglarnam kafedaky suratlar we toý portredi bilen bezediler.
Aýmelek bilen Merdan bile işe gatnaýadylar. Merdan onuň işlemeginede garşy bolmady. Näme bolsada ikisi düşünişýädiler. Gün günden söýgüsi artyp maşlagasy berkleşip barýardy. Bu arada Merdanyn iş wezipesini galdyrmak üçin 1 aýlyk şähere goýberdiler. Merdan boş wagt tapdygy Aýmelege jaň edýärdi hemişe gürleşip ýörerdi. Bir günem ýolda barýarka Aýmelege jaň etdi. Ýöne jaň alynmady. Ol yzygiderli jaň etdi. Ahyr Aýmelek jaňy aldy nahar bişirip gelendigni telefony öz jaýynda galdyrandygny aýtdy. Bu arada Merdan ýoly kesip geçýärdi birdenkä Merdanyň gygyran sesi eşdildi we uly goh boldy. Aýmelek Merdan diýip gygyryp başlady jogap berlenokdy bu sese gaýynlary hem ylgap geldi. Ýaşmaklydygnam unudyp gaýynatasynyň ýanynda gürläp başlady. Hem telefonda Merdan diýip çagyrýardy, bir adam telefony alyp ýolheläkçiligi bolandygny aýtdy. Aýmelek gaýynlary bilen şähere ugrady ýolda hiç özüni dürsäp göziniň ýaşyny saklap bilenokdy. Hassahana baranlarynda Merdan reanimasiýadady. Merdanyň kellesine agyr şikes ýetipdir we gapyrgasy döwlip öýkeni deşipdir we şol ýerde gan toplanypdyr. Lukmanlar elinde baryny edýärdiler Aýmelek bolsa göziniň ýaşyny saklap bilmän diňe Alladan kömek soraýardy. Merdany operasiýa etdiler we lukmanlar Merdanyň ýagdaýynyň biraz gowlanandygny aýtdylar. Ýöne ol özine gelenokdy. Şäher hassahanasynda bolsada obadaky garyndaşlary ýakynlary üýşdiler. Bu maşgala ruhy goldow bermek isleýärdiler.
Merdan operasiýadan soň özine gelmän ýatdy Aýmelek bolsa onuň ýanyndan hiç aýrylmady hemme dynç almagyny sorasada gitmän Merdanyň ýanynda garaşdy. Onuň elini hiç goýberenokdy. 32 sagatdan soň Merdan özine geldi. Gözlerini çala gyrpýardy. Şondan soň Aýmelek biraz köşeşdi.
1 aý diýlende Merdany hassahanadan çykardylar. Aýmelek şol wagtyň dowamynda onuň ýanyndan aýrylmady, ýöne özi hem gaty ejizläpdi ýüregindäki agyry ýene bildirip başlapdy. Merdan heniz doly düzelenokdy. Öýüne gelensoňam bejergi alýardy we oňa gowy garaşyk gerekdi. Ol özbaşdak ýöräp bilenokdy. Ýaralarny arassalap täzeden daňmalydy. Bu işi bolsa Aýmelek edýärdi. Merdan şu döwürler Aýmelekden gaty utanýardy öziniň şeýle agyr ýagdaýa düşendigni masgalasyna ýük bolýandygny oýlap ruhyçökgünlige düşdi. Hatda käwagt Aýmelege gelme diýip gygyrýardy, emma Aýmelek hiç öýkelemedi we Merdanyň düzelmegi üçin elinde baryny edip hereket etdi.
Gowy garaşykdanmy ýada söýgi mähirdenmi Merdan 6 aý diýlende aýaga galdy. Ol ýene öňki şadyýan we göwnaçyk Merdana öwrüldi. Işine täzeden başlady. Maşgala bagt täzeden dolanyp geldi.
Bir gün Aýmelek öziniň ýarawsyzlygyny duýdy, özinde üýtgeşmeleriň bardygny duýdy we anyk bilmek üçin barlandy. Inede Aýmelegiň gözlerine ýaş ddoldurjak habar aldy. Aýmelek eje boljakdy. Ol bu begençli habary Merdana aýtmaga howlugýardy. Ilki bilen Merdanyň iş ýerine ylgap bardy. Ýöne onuň ýokdugny bilip pikirini üýtgetdi. Işden jogap alyp ir öýüne gaýtdy. Ýolda süýjilik we başgada birnäçe harytlar aldy. Öýüne gelip stoly bezedi süýji nahar bişirdi. Merdanyň geler wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Merdan işden gelip öz otagyna girende Aýmelek ony güler ýüz bilen garşylady we gulagyna ýuwaşlyk bilen " Biz eje kaka bolarys" diýdi. Merdan begenjinden gygyryp goýberdi we Aýmelegi gaty gujaklady. Soňra bolsa olar gaýynlarynam çagyryp saçak başyna geçdiler. Bu gowy habary ene atasyna Merdanyň özi aýtdy. Gaýynlary hem agtyjygy boljagyna diýseň begendiler. Şol günden soň Aýmelegi hasda gowy görýärdiler elini sowuk suwa urdurmadylar. Aş saýlandada diýen zadyny artygy bilen alyp berdiler. Ýüregi bulanyp nahar bişirip bilmedik wagty gaýynenesi nahary özi bişirdi. Kämahal Merdanyň özi hem işden ir gelip Aýmelege kömek edip nahar bişirerdi.
Şeýdip aý gün geçip durdy.Bu agzybir maşgala ogul çagaly boldy.
Merdanyň begenjiniň çägi ýokdy. Bäbejiginiň öýüne gelmeli güni ýakynlaryny çagyryp toý tutdy. Dos ýarlary bilen bäbekhanadan maşyn bezäp Melegi we oguljygy Mekany almaga gitdiler. Elleri gülli bezelen maşyndan düşüp Merdan bäbekhana tarap ýöredi Aýmelek hem eli akja bäbekli Merdana seredip durdy. Olaryň bu günki şatlygynyň çeni çaky ýokdy ony söz bilen düşündirip bolanokdy.
Merdanyň doslary we gelinleri hem ýanlarynda başga ulagda gelipdiler. Olaryn içinde Ruslanam gelni bilen durdy. Ruslan Aýmelegi eli bäbekli görip birwagtky eden arzuwyny ýatlady we göz ýaşlarynyň akanyny duýman galdy...
Ýöne bu wagt Aýmelek diňe Merdana we bäbejigine seretýärdi...
Soňy.
20
347
ideallider
16 Mart 2023
Imissyou, pro wersiýasynda hemmezat bar. Ýöne effektleri hem vpn bilen skaçat etmeli öýdýän.
ideallider
16 Mart 2023
Imissyou, ýok. Ýöne islänzadymy şo progdaha edýän.
ideallider
16 Mart 2023
numa, vivalavideo. Men hemişe şuny ulanýan. Oňam döwülen modyny ýagny pro wersiýasyny.
numa
16 Mart 2023
Wideon aydymyny ayyryan prog bilenzokmay
Myhman Myhman
16 Mart 2023
Gowu eken tuweleme
Myhman Myhman
18 Fewral 2023
Gaty gyzykly basdan ayak dody okadym👍❤
Meryemushkaaa
13 Fewral 2023
🥰 ellerñize saglyk
tkm _aýdymçy _ýigit98
13 Fewral 2023
dusia_maksatmyradowna, 4 5 nji bölümnem goýaý gyzykly
Dusia
13 Fewral 2023
Hemmä nesip etsin şeýle bagt)
MerjenChorliyeva
13 Fewral 2023
2nji bolumden son gutarandyr oydupdim mena muny
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.