violinist
12.02.2023 18:15
Saňa jaň edesim gelýär,
Soramak üçin halyňy.
Saňa jaň edesim gelýär,
Küýsän mahalym düýnümi.

Saňa jaň edesim gelýär,
Men ykbaldan şundan başga
Hantama däl uly zada.
Ýöne göwün göwün bolýar,
Eýerenok kanun, kada.

Günleriň şatlyk-gaýgysyn
Paýlaşyp gülesim geldi.
Ýüregiňde häzirem men
barmykam? Bilesim geldi.

Gözüňden akan ýaş bolup,
Ýaňagňa siňesim geldi.
Hem içimde näme baryn
Diňe seň bilýäniň üçin,
Saňa jaň edesim geldi...
17
178
violinist
13 Fewral 2023
❤GÜLHANYYM❤, shu yerdemi? @G🌼..
❤GÜLHANYYM❤
13 Fewral 2023
violinist,онки никин намеди?Билерсин сонра!)
violinist
13 Fewral 2023
❤GÜLHANYYM❤,hawa.. sen kim)
Myhman Myhman
12 Fewral 2023
Gowy gordum 😘
❤GÜLHANYYM❤
12 Fewral 2023
Говхер сенми...?)
arzy
12 Fewral 2023
Gosgynyzy haladym👍
Marýam
12 Fewral 2023
🥰😍🥰😍🥰
Şaperi❄️❄️
12 Fewral 2023
gulshatayewa97,siz durmuşa cykanmy?
gulshatayewa97
12 Fewral 2023
Şu günjik biri okap beripdi şu goşgyny maňa 🙈
moonlight
12 Fewral 2023
Gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.