Durmuş ýoly
2-nji bölüm.
Ikisi hem bir birini görip haýran galdylar we diňe halýagdaý soraşyp dymdylar. Taksis oglan Ruslanyň obadaşy eken ol Ruslandan näme iş bilen şähere gelendigni sorady. Ruslan bolsa gyz çagasynyň bolandygy ýöne ýürek keseli( paroh) bilen doglandygyny şu wagt hassahanada bejergi alýandygny şäherden gerekli dermanlarny alyp gidýändigni aýtdy. Ýolda Ruslan ýuwaşlyk bilen Aýmelekden bagyşla sorady. Şol wagt gahar üssünde iş edendigni, ýöne durmuş guransoň kän ökünendigni aýtdy. Aýmelek bolsa " Ol günler geçdi. Men unutdym" diýip jogap berdi we ýene aýna seredip daş töweregi synlap gaýtdy.
Oba gelensoň 1 aýyň içinde etrapda çagalar lukmany bolup işe başlady. Ol kärdeşleri bilenem tiz öwrenişdi. Oňa Merdan iş boýunça köp zatlary öwretýärdi. Merdan diýseň akylly edepli görki görmegi ýerinde düşünjeli oglandy. Ol Aýmelegi gowy görýärdi. Merdan Aýmelegi iş ýerinde synlamak bilen çäklenmän ony daşdan hem soraşdyrýardy. Sebäbi Aýmelegiň durmuşyna nähili girmeli, nädip göwnüni tapmalydygny pikirlenýärdi.
Aýmelek işe başlan döwürleri Ruslanyň gyzyna seretmeli boldy. Ol Ruslanyň gelni Gülnarada ruhy goldow berýärdi. Elbetde ilkinji perzendiniň nogsanly dogulmagy Gülnary uly alada goýýardy. Aladadan ýaňa ýaş gelniň ýüzi solup barýardy. Aýmelek elinde baryny edip gyzjagaza kömek etdi. Gije nobatçy günleri Gülnaryň ýanynda otyrýardy. Çagadan gözini üzenokdy. Ýöne Ruslana welin salam bermekden aňry geçenokdy. Möhüm bolan wagty gerekli dermanlar ýazylgy kagyzy berip derman getirmegini tabşyrýardy. Merdan hem hemişe Aýmelegiň ýanyndady. Çaga ýarawsyz mahaly Merdan hemmeden öň ylgap gelýärdi we Aýmelegiň bu ýerde özüni tutuşyna has hem köp üns berdi. Sebäbi ol bar zatdan habarlydy. Aýmelek bolsa Merdanyň beýle aladaçyl öz işine wepalydygny görip begenýärdi. Merdan şol döwürler Ruslan bilen dost ýaly bolup galdy.
Merdan Aýmelege birazda bolsa öz duýgylaryny duýdurdy. Aýmelek bolsa Merdana bar hakykaty aýdyp bermek isledi. Merdan bar zady bilsede Aýmelegi üns bilen diňledi we şol wagt onuň tüýs göwnündäki gyzdygna göz ýetirdi. Sebäbi Aýmelek dogruçyldy, hemem maşgalam diýip ýaşaýan gyzdy. Ol islese Ruslan gideli diýen güni öz maşgalasynyň ýüzüne aýak basyp gaçyp bilerdi emma ol öz maşgalasyny saýlapdy.
Bir gün iş wagty gutaransoň Aýmelek iş eşiklerni çalşyrdy, sumkasyny eline alyp daşaryk çykdy. Şol wagt Merdan hem maşynyna münüp geldi. Aýmelege alyp gitmegi teklip etdi, ilki garşy bolsa-da soň gaýtaladyp durmagy islemän maşyna mündi. Merdan bilen Aýmelek biraz gürleşip barýardylar. Merdan birden kafeniň deňine ýetip saklandy we " Şu ýerden almaly zadym bardy, 2mintde girip çykaryn" diýip girip gitdi, emma wagty bilen çykmady. 10minut diýlende kafe işgärleriniň biri Aýmelegi hem içerik çagyrdy. Aýmelek biraz ýaýdandy ýöne girdi. Gapyny açyp girende gözine ynananokdy. Ähli çyralar öçürilendi, kafenin içinde ýanyp duran şemler hemme ýeri ýagtyldýardy. Hemme ýer şeýle bir owodan bezelendi Aýmelegiň gowy görýän gyzyl hem ak reňkli güllerinden buketler ýerleşdirilendi. Kafeniň ortarasynda uly arka ýerleşdirilipdir. Arka barylýan ýolyň iki gyrasynda şemler owodan bolup ýanyp durdy we arasyna gyzyl gülüň ýapraklary hem ýazdyrylypdyr, arkanyň aşagynda bolsa Merdan eli gyzyl bägülden bogulan buketli garaşyp durdy. Kafede Merdan, Aýmelek we olaryň bu bagtly pursatlaryny surata alyp duran adam bardy. Aýmelek özini ertekä düşen ýaly duýdy , tolgunmadan ýaňa sandyrap kynlyk bilen ýöreýärdi. Ol Merdanyň ýanyna bardy. Merdan gülleri Aýmelege berdi we jübisinden nika ýüzügini çykaryp " Aýmelek ilki bilen duýdansyz eden herekedim üçin bagyşla! Ýöne saňa özimiň ýürek sözlerimi aýtmak isleýän. Seni ilki gören günüm ýadyňda bolsa sen ýöräp gelýärkäň meň saňa gözim düşdi men doňup galdym diňe saňa seretýärdim men taraba Melek gelýän ýaly sen hem nur saçyp gelýärdiň. Şol gün tolgunmadan saňa salam hem diýip bilmedim. Saňa iş öwretmegi maňa tabşyranlarynda men şeýle bir begendim. Ynanaý ilkinji göremde saňa aşyk boldum. Seni tanadygymça saňa söýgim artdy. Saňa kän zady duýdurmadym ýöne her gün seni görjegime begenip işe gaýtýardym. Hem ir gelip seň geleriňe garaşýardym. Dynç günlerim bolsa meň üçin gaty haýal geçýärdi. Sen meň üçin bahar gülleri ýaly owodan, melekler ýaly mähirli, mylaýym öwüsýän şemal ýaly ýakymly, sen ýüregime şeýle bir ornaşdyň ony indi hiç haçan aýryp bolmasa gerek. Aýmelek men seni söýýän! Men seniň bilen ömürlik bile bolmak isleýän , meň bagtym ömürlik ýanýoldaşym bolarmyň!" diýdi. Aýmelek doňup galdy näme diýjegini bilenokdy, gözleri ýaşa dolup dili tutulan ýaly boldy, we kellesini hereketlendirip razylygyny bildirdi. Merdan begenmekden ýaňa Aýmelegi gujaklap göterip aýlady, soňra ýüzügi Aýmelege uzadyp " Bugün ýüzügi saňa dakmaryn Inşalla toýumyz güni ýüzügi barmagyňa dakaryn" diýdi we kafedan çykyp gaýtdylar.
Hepdäniň sähetli güni Merdan Aýmelege guda goýberdi. Elbetde bu wagt Aýmelegiň kakasy hem daşary ýurtdan gelipdi we Merdana razylyk berdiler. Az wagtyň içinde uludan toý tutdylar. Toý güni Ak fatada Aýmelek öňkidenem beter hüýr melekler ýaly owodan boldy. Merdanam oňa täzeden aşyk bolup gözini aýryp bilenokdy. Toýa Merdanyň doslaram çagyrylypdy, we olara söz gezegi berildi. Ýigitler dostuna bagt perzent süýji durmuş dilediler. Şol wagt " Dostum Merdan we onuň ömürlik ýan ýoldaşy söwer ýary Aýmelek bagtly boluň" diýlen ses gaty tanyş eşdildi. Şol wagt Aýmelek sözleýän ýigide seretdi. Şol tanyş ses Ruslanyň sesidi. Ruslan bagt diläp bolansoň göziniň aşagyny süpürip goýberdi we gyra çekildi. Aýmelek ünsüni başga tarapa sowdy. Sebäbi Aýmelegiň ýüregi bütin barlygy Merdana degişlidi. Toýa bolsa Ruslany Merdan çagyrypdy.
Toýuň dowamynda Merdan Aýmelegiň elini hiç goýbermedi gözinem ondan aýyrmady. Sebäbi ol bugün öz arzuwyna ýetdi, ilkinji gezek söýgülisiniň eli ellerindedi.
Ýöne Ruslanyn näme üçindir ýüzi solukdy. Ýigitlere goşulyp kän tans etmedi. Içgi baryny içdi. Toý gutaranson Ruslany öýüne ulaga ýükläp alyp gitdiler. Ol içgini göterip bilenokdy. Hem durmuşdan ýanmasy hem gyzynyň keseli ony gaty ejizledipdi. Ýöne ol näçe gynalsady indi hiç zady düzedip bolanokdy. Eden ýalňyşyna düşündi. Aýmelegiň hem indi birniň gelni boldy we oňa hatda seredip hem biljek däldi. Ol hem indi durmuş akymy bilen gitmeli diýen karara geldi...
Dowamy bar