Aşyrgeldi ÕWEZOW
11.02.2023 23:57
Köňül küýsegim käbäm
Derde duşup hassalansam bir bada,
Mähribanym, özümden öň sen bilýäň.
Seň baryňda mätäç däl men hiç zada,
Seniň mähriň bilen nurlanýar dünýäm.

Gezdim ýaman niýetlerden saplanyp,
Ýagşy işler bilen ýalkandym munda.
Kä unudan bolsam şöhrada çapyp,
Geçireweri käbäm, göziňi ýumda.

Bir pursatlyk çagalygyma dolanyp,
Läliklensem, maňlaýymdan öpsediň.
Gyzgyn gujagyňda irkilip bir dem,
Höwes bilen süýji uka gitsedim.

Emma her diýeniň duranok paşyp,
Bolsun..! Esasy zat sen bara mende.
Adam zada şundan uly bagt tapmak,
Meger mümkin däldir dünýäň ýüzinde.
2
4
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.