zolushka
11.02.2023 17:41
Durmuş ýoly
Aýmelek akylly edepli adyna mynasyp melek görkli gyz. Goç ýigitleň " Meňki bolaýsa" diýip arzuwlaýan gyzy. Ýöne ol şu çaka çenli hiç bir ýigide göwün bermändi. Onuň bar niýeti pikiri gyzyl köýnekli talyp , ak halatly lukman bolmakdy. Orta mekdebi üstünlikli tamamlap ýokary okuwa synanyşdy emma girip bilmedi. Soňra ol obasynda pagta ýygymyna gatnady. Şol pagta ýygymy döwründe oňa goňşy obadan bir oglan jaň etdi. Aýmelek jaňy aldy .
"Salam Aýmelek" .
"Salam"
" Gowmy ýagdaýlaň'
" Gowy. Bagyşlaň tanamadym!?"
"Aýmelek sen meni tanaýan dälsiň men goňşy obadan Ruslan. Meň erwet niýetim ýok ýöne seň bilen tanyş dos bolmak isledim" ....
Aýmelek ilki diňledi ýöne razylaşmady. Ýöne Ruslan günde jaň edip hal ýagdaý sorap duransoň wagt geçdikçe öwrenişdiler. Olar ýakyn syrdaşlara öwrüldiler. Ruslan gullukdan ýakynda gelipdi. Öýünde bolsa ýeke ýaşaýardy. Onuň 3sany aýal dogany bardy we durmuşa çykypdylar. Özi bolsa körpe hem ýeke ogul. Ene atasy daşary ýurtdady. Ruslan hergün Aýmelekden irden namaza oýarmagyny haýyş edýärdi. Özi irden oýanmaga kösenýärdi. Aýmelek hem özi namaza turanda jaň edip Ruslany hem oýarýardy. Şeýdip günler geçýärdi. Güýzüň soňky günlerinde Ruslan polisiýa işe ýerleşdi. Aýmelek bolsa bu döwürler okuwa taýýarlyk görýärdi. Olar etrap merkezine baranda bir birlerini görýärdiler we salamlaşyp geçýärdiler.
Ruslan Aýmelegi gowy görýärdi, ilki duýdurmady, ýöne ahyr aýtdy. Ruslan Aýmelege " körpe, erkäm" diýip ýüzlenýärdi. Aýmelek bolsa özini yza çekýärdi. Sebäbi arada ýyllar bardy. Ol heniz okuw okamaly. Kakasy daşary ýurtdan gelmelidi. Ruslanam " Men ir toý edip bilmen enem atam daşary ýurtdan gelmeli olarsyz toý bolmaz, sen maňa garaş, men senden başgany almaryn" diýýärdi. Şeýdip ikisi ylalaşdylar. Aýmelek ony söýgilisi ornunda kabul edenokdy. Elbetde çäk saklamalydygny bilýärdi. Ýöne Ruslanda öňkiligi ýokdy, onuň söýgüsi gün günden güýjeýädi. Aýmelegi her gün görmek isleýädi. Hemişe süýji arzuw edýädi" Biz hökman bile bolarys . Inşallah biziň Ruslanow we Ruslanowamyz bolar" diýýädi. Bir günem gije Ruslan jaň etdi Aýmelek jaňy aldy we salamlaşdy. Ruslan Aýmelekden gürlemezligi diňeje diňlemekligini haýyş etdi..
" Erkäm men seni söýýän. Bilýäňmi saňa näme üçin körpäm diýýän sebäbi men öýde körpe perzent. Biziň maşgalamyza gelseň sen öýmüziň körpesi bolarsyň. Seni şeýlebir gowy görýän hiç ynjydasym gelmeýä. Hemmeden gabanyp gysganyp söýýän seni.seni hiç kime beresim gelmeýä. Senden aýrylmakdan uzaklaşmakdan gorkýan. Şuwagt ýeke özim bir öýde hemme zat bar bir sen ýetenok maňa.... Inşallah gyzyl kürtäni başyňa atyp öýimiň törine geçirerin seni" .. şeýle süýji arzuwlar bilen ikisem uklap galdylar. 1 sagat bolansoň telefon öçdi.
Bir gün agşam Ruslan Aýmelegiň obasyna geldi we görmek isleýändigini aýtdy. Ýöne onyň alajy ýokdy. Aýmelek garşy boldy. Ruslan bolsa biraz öýkeledi. şeýle günleň birinde Ruslan ýene jaň etdi we " Aýmelek sen meniň bilen gidip bilermiň? " Diýip gaçmagy teklip etdi. Sebäbi onuň ene atasy daşary ýurtdan gelmese toý edip bilenokdy. Aýmelek garşy boldy olam öz ene atasynyň ýüzüne aýak basyp gaçyp biljek däldi. Ruslan bolsa muňa öýkeledi. Şeýdip birnäçe wagt habarlaşmady.
1 aýdan soň bolsa Aýmelek Ruslanyň öýlenendigini eşitdi. Ilki bu Aýmelege erwet täsir etdi. Gijelerne sessiz aglap çykdy. Ýöne näme etsede alaç ýok indi ol maşgalaly adam we ony oýlamak pikirlenmek indi gowy däldigni düşündi. Özini köşeşdirip durmuşy dowam etdi.
Ýöne ýürek agyry tapyndy. Keselhanada birnäçe gezek bejergi aldy.
Öýlenenden soňam kämahal Ruslany görýärdi. Ýöne Ruslana seretmän geçip gitýärdi. Elbetde öýlenen adama seretmegem gowy däldi we Aýmelek ony gowy düşünýärdi. Ruslan bolsa Aýmelegi içgin içgin synlaýardy. Täze okuw ýylynda bolsa Aýmelek daşary ýurda okuwa gitdi we Ruslanly ýatlamalardanam doly gutuldy. Aýmelek bar ünsüni okuwy berýärdi zehin bäsleşiklerine gatnaşyp ýeňiji bolýardy. Emma ol söýgi meselesinde hiç pikirlenmedi. Elbetde okuw döwri hem Aýmelege söz aýdan ýigitler köp boldy. Ýöne ol indi gürleşmek hatda umyt bermek hem islänokdy. Ol okaýan wagty obasyna ýekeje gezek hem gelmedi. Diňeje maşgalasy ýakynlary bilen telefon arkaly gürleşýärdi. Şeýdip okuwyny hem tamamlady.
Öz ýurduna diplom bilen dolandy. Ol şäherden oba ulagda gaýtmaly boldy. Ýol uzakdy 3 4sagat ýöremelidi. Ýüklerini otlydan düşürip obasyna gitýän taksa ýerleşdi we özi hem ulagyň yzyna mündi. Maşynda 3 adam bardy. Adatda öňdaki ýolagçyň ýerinde erkek adam otyrýardy ýöne bugezek bir gelin ulagda ýörese biraz ýüregi bulanýanlygy sebäpli öňki orunda otyrmagy haýyş etdi. Ulagdaky 3nji ýolagçy erkek adam eken ol şäheriň başga ýerinde garaşyp dur eken we ýolugry alyp gitmeli eken. Ulag ýöredi we 3nji ýolagçyny almaly ýere bardy. Aýmelek ýadawlygy sebäpli aýna tarapa seredip arka berip otyrdy. Ýolagçy salam berip mündi. Aýmelek hem salam berip täze münen ýolagça seretdi. Ol Ruslandy.
14
357
Myhman Myhman
11 Fewral 2023
Salam Aýmelegiň dowamyna garaşýan gyzykly eser ekeni
zolushka
11 Fewral 2023
Ertir nesip bolsa dowamyny goýaryn!...
Maýa06
11 Fewral 2023
Näçe bölüm...dowamyna garaşýan
Shining ✨
11 Fewral 2023
Gahrymanlañ atlary owadan atlar. Dowamyna garaşÿan 👍🏻
mgm
11 Fewral 2023
Dowamyna garasyan...gyzykly eser eken..👍🏻
Myhman Myhman
11 Fewral 2023
Salam dowamyna garasyan
Şaperi❄️❄️
11 Fewral 2023
zolushka,näçe bölüm?
zolushka
11 Fewral 2023
Şaperi❄️❄️,beýle uzynam däl.
Leýla💔
11 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
Şaperi❄️❄️
11 Fewral 2023
zolushka,uzun mu?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.