Dowran Carygulyyew...
13.03.2020 23:15


Ýaşlyk dramasy

Meniň ýigit wagtym

Seniň gyz wagtyň...

Ybraýym Ýusup

Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.

Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat.
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi,
Gidýänler gelýänden has köpelýärdi,
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada.
Emma Söýgi diýen jadyly zada
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyň,
Heniz gyz wagtyň.

Diýerdim: «Geregim, çen boldy, oýlan!
Ähli boýdaşlaryň başlary boglan...»
Sen diýerdiň: «Garrap
barýarmyň, oglan?
Äwmäň öz wagty bar,
Sabryň öz wagty!»

Boýnuňdan gelerdi jeňneliň, ysy,
Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy,
Demiňden kükärdi müň gülüň ysy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim,
Çabyrap başlanda demiňe demim,
Näz bilen iterdiň: «Hany edebiň?
Söýgi bulaşmazmy
Edep az wagty?..»

Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap,
Leb gadagan wagty – olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat:
Hasap ýitýän eken
Dyzba-dyz wagtyň.

Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat?
(Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat!)
Gursagmyň üstünde gürsülläp gursak,
Keteniň içinde
Gyzyl köz wagtyň.

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle.
Ýaňja-da guşlukdy, bolupdyr öýle,
Sen diýdiň: «Pylan jan, gaýdaly öýe,
Ýigdiň öz wagty bar,
Gyzyň öz wagty».

Şo mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem toraňňy urup dur perwaz
«Aşyklar, ýene-de sabr ediň biraz,
Görmändim saýamyň
Beýle ýaz wagtyn!»

Derýa hem seslendi: «Etmäň ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziň kimin birek-birege mätäç
Görüpdim ne derýa,
Ne tekiz wagtym».

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: «Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne weli gyşa galaýma, ýigit,
Miwe ýetişdimi –
Ýygna güýz wagty!»

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gyşa galmazlyga edipdik wada.
Ýa sen sada bolduň ýa-da men sada,
Birden tupan gopdy Dünýäň ýaz wagty.

Bilmedim, nämäniň hesibi boldy,
Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy.
Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Atdylar maşyna. Ses etdiň aglap.
Topuldym. Çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap,
Gök kürtelem bolsaň,
Entek gyz wagtyň...

Bir gujak alynsaç, bir gujak çokul,
Üç gujak örümsaç, on gujak akyl –
Şunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiň gözlerimden Daňyň saz wagty.

...Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň.
Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň...
Şonda men diýipdim: «Sen bagtly bolsaň,
Hem-ä meniň bagtym,
Hemem öz bagtyň».

Şo bada ýüzüňde göründi ünji.
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji,
Soň gaçdy dördünji onsoň bäşinji...
Şoldy iň mert wagtyň,
Iň ejiz wagtyň...

«Içerde otursam – ýüregim gysýar.
Daşa çyksam – asman
depämden basýar».
Şu goşgyň, henizem bagrymy kesýär,
Tas şahyr bolupdyň
Çuwalgyz wagtyň.

Tas şahyr, bolupdyň.
Borduňam, belkem.
Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiň.
Sowaşdym kem-kem,
Şonda-da kuwwat sen
Her ýalňyz wagtym...

Kim bolsa-da saňa sataşan kişi,
Çagalaň bagtyna sag bolsun başy.
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy.
Gijä öwrülmezmi
Oň gündiz wagty?

Çümdürse eliňe ýekeje tiken,
Şol tiken müň bolup bagryma çöker.
(Şygryma düşüner yşk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer
Öz eziz wagtyn).

Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz.
Dogsa-da ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriň
Iň tämiz wagty...

...Arada aýlandym Tejen ýerlerne,
Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne,
Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe,
Geçirdim bir gije,
Bir gündiz wagtym.

Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde,
Toraňňy hem otyr öňki ýerinde,
Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde.
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden –
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.
11
1 829
Dowran Carygulyyew...
14 Mart 2020
Howa men su wagta cenli aytman gezdim kan wagt yalnysymyzy duzedeli ayt diyilenson yagsylyk bolsun diyip on godek yalnyslaryny yuzley dusindirdim indi gayralanmaz yaly olam adamlara yaramaya

Kemine diyr hic adamdan yuz gormen yagsa yagsy diyr men yamana yaman . Diyya yone mana gerekmay namame gerek cagalar bn gep urysdyryp oziminkin dogrydygyny subut etjek bolmak soralan zady bilsek aydarys bilmesek oturarys prosta gynanyan men calaja dusinyan sondada men gynanyan gowsy onkim yaly gurleman oturanym gowy

Dogursy ady gowy eken bir zatlar owreneyin dp girdim men on dine yazyjy sahyrlaryn oz eserlerini paylasyan pragrammasy bary ol yapyldy gaty tankydy bellikler edilerdi men kan zat owrendim solardan

Gaty gynanyan kabir sozleri duybinden basga many berya
Baby
14 Mart 2020
Mena dusundirjegem bolamok adama senki yalnys diysen yaranok.
Dowran Carygulyyew...
14 Mart 2020
Howa hemmesi dal etsen gurrun bolya many taydanam gramatik taydanam gaty pes cykya sonky eserlerin kopisi sebabi soz baylygy yetenok nygtalyan pikir okyja yetman galya

Yone bu zatlary edebiyatdan azda kandr basy cykyan adama dusindirmesen tarp yerden birine dusindirmek kyn mesele
Baby
14 Mart 2020
Kapiya yok sozler baylasdyrylmadyk yone bir dossyn smsni yalnys yulnys smsini okayan yaly sonky dowrin gosgulary
Dowran Carygulyyew...
14 Mart 2020
Salam Bts hic kim aydanok mana menem ol bilmeyan zadyny yazya diyen daldirin uns berip okasanyz birinin aydany bilen yazmanam men.

Saylap alyan temasy kyn diydim yas ayratynlyga seretmesen undelyan pikir okyja yetman orta yolda ýoýulya yada yitya islendik bir zat barada yazanda gaty seresaply cemelesmesen edebiyat gaty ince sungat ondada poeziya sungaty gaty cylsyrymly hem many almaly hem gramatikany soz duzimleri baglanysdyrmaly bogun kapiya ay garaz sanap otursan kan oz dusinisim boyunca bellik etdim halamasanyz gurleman oturyp bilerin yone men size nadip dusindirjegimi bilemok bagyslan
Bts
14 Mart 2020
Kim aytdy size Ylham bilmeyan zadyny yazya diyip
BBaharjyk❣
14 Mart 2020
Cynnanam geljekmi dayy
Dowran Carygulyyew...
14 Mart 2020
Yegen men hacan saz dinlemane barayyn
BBaharjyk❣
14 Mart 2020
Yok 10 dagy giderinda barybam yene garasyp oturmaly.
Dowran Carygulyyew...
14 Mart 2020
Gitmedinmi yegen ya geldinmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.