violinist
11.02.2023 11:56
Ine, ahyr kalba möhür basyldy.
Ýazgytda bar bolsa, men nirä gaçjak?!
Kirpiklemden senli düýşler asyldy,
Gabaklarmy ýumsam, gözüme gaçjak.

Dünýä meni seniň bilen bezedi.
Dilime adyňy, gözlerme keşbiň...
«Saňa müň hünärem azdyr» diýdi-de,
«Söýgi» diýp belledi, ýene bir kesbim.

Dünýä bizi gowy tanaýan borly,
Näme edýäs,
haçan, nirä barýas biz.
Ol bildirmän suratymyz çekipdir,
Indem ony bilelikde görýäs biz.

...Gezip ýörün, bahana ýok aglara.
Sesiňem seslerden aýratyn eken.
Ýöne, «Söýseň aňsat bolar» diýipdiň.
Ýalan...
söýüp bilseň gaýta kyn eken.
14
98
Myhman Myhman
12 Fewral 2023
Gowy gosgy ekeni
AýgülÝazweliýewa
12 Fewral 2023
Gowy goşgy🌸🌸🌸
gulshatayewa97
11 Fewral 2023
Söýseň gowmy söýülseň gowmy entegem doly çözüp blmk ikisem gerek bolmaly🥰
zolushka
11 Fewral 2023
Söýülseň gowy bu durmuş!☺️
Leýla💔
11 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.