olia
10.02.2023 21:12
ÝER TITREMESINDE NÄDIP GORANMALY?
Meniň adym Doug Cope. Men Amerikanyň halkara halaş ediş toparynyň (ARTI) ýolbaşçysy, 60 ýurtda halas ediş toparlarynda işledim, ýer titremesinden zyýan çeken 875 binadan adamlary halas etmäge gatnaşdym.

Iki ýyllap BMG-nyň betbagtçylyklaryň netijelerini öwrenmek boýunça hünärmeni boldum we 1985-nji ýyldan bäri ýekeje uly betbagtçylyk hem ünsümden düşmedi. Ilkinji gatnaşan halaş ediş işim 1985-nji ýylda Meksikadaky ýer titremesi wagtynda Mehiko şäherindäki mekdepdi. Ähli çagalar stoluň aşagynda galypdy. Eger-de olar geçelgelerde ýagny, stollaryň gapdalynda ýatan bolsalar, halas bolup bilerdiler. Meniň pikirimçe akyla sygmajak zat, ýöne ýer titremesi wagtynda çagalara stollaryň aşagynda gizlenmek buýrulypdy. Gaty geň galdyryjy bolsa-da, Meksikanyň mekdeplerinde häzirki günde-de Duck and Cover görkezmesi bar ýagny, egilmek, kelläňizi eliňiz bilen ýapmak we stoluň aşagynda gizlenmek.

Haçanda bina ýykylanda agyr potolok obýektiň ýa-da mebeliň üstüne gaçýar, olary ýok edýär, emma golaýda boşluk ýa-da boş ýer döredýär. Men oňa "durmuşyň üçburçlygy" diýýärin. Jisim näçe uly we güýçli bolsa, adamyň şikeslenmezlik we diri galmak mümkinçiligi şonça-da ulydyr. Halas ediş toparlarynyň işini telewizorda görenimizde-de muny görmek bolýar.
Try to stay alive

1. Ýykylyp barýan jaýda ýa-da ulagda diňe egilip, kellesini goramak bilen çäklenen adam ölüp biler.

2. Pişikler, itler we bäbekler köplenç, tebigy ýagdaýda embrionyň ýagdaýyny kabul edýärler. Ýer titremesinde hem şeýle etmeli. Bu instinkt. Bu ýagdaý kiçijik bir boşluga ýerleşmäge kömek edýär. Ezilen, tekizlenen halatynda-da, gapdalynda ýaşamak üçin belli bir ýer galdyrjak uly bir obýekte ýakynlaşyň.

3. Agaç binalar ýer titremeler wagtynda iň ygtybarlysydyr. Agaç seýsmiki tolkunyň täsiri astynda egilmek we burulmak üçin gowy işleýär. Agaç bina ýykylsa, gaçmak üçin uly boşluklary emele getirer. Kerpiç binalary zyýan berip biljek aýratyn böleklere bölünýär. Emma iň howplysy panel binalarydyr.

4. Ýer titremesi gije bolan bolsa, düşegiňizden çykyň. Iň ygtybarly ýer düşegiň (krowadyň) töwereginde bolar. Myhmanhanalarda ýer titremesi wagtynda her bir otagyň gapysynda myhmanlara düşekleriň düýbünde polda ýatmagy tabşyrýan görkezmeler goýulsa, köp adam halas bolup bilerdi.

5. Ýer titremesi wagtynda ne gapydan ne-de penjireden gaçyp bilmeýän bolsaňyz, onda krowadyň, stoluň ýanynda polda embrion ýagdaýynda ýatyň.

6. Ýykylan binanyň gapysynda duranlaryň hemmesi diýen ýaly gapynyň çarçuwasynyň ýykylmagy sebäpli öldi.

7. Ýer titremesi wagtynda hiç haçan basgançakda durmaň. Olar ilki bilen ýykylýar.

8) Mümkin bolsa, çalt ylgap çykyp bilmek üçin binanyň çykalgasyna has ýakyn bolmak gowudyr.

9. Ulagyň içindäki adamlar eger-de, transport serişdesi olaryň üstüne ýykylyp biljek beýik binalaryň ýa-da sütünleriň golaýynda bolan ýagdaýynda heläk bolar.

10) Meniň tejribämde, kagyz kipleri iň uly howpsuzlyk boşluklaryny emele getirýär. 1996-njy ýylda diri galmagyň bu usulyýetiniň dogrudygyny subut edýän film döretdik. Ylmy synag geçirmek üçin Türkiýäniň Federal hökümeti, Stambul uniwersiteti we ARTI bileleşdi. Biz tejribäniň çäklerinde içinde 20 sany maneken goýlan mekdebi ýykdyk. Olaryň 10 sanysy kellesini egip, eli bilen gorap duran ýagdaýda goýuldy we 10 sanysy "durmuş üçburçlugyna" ýerleşdirildi. Ýer titremesiniň simulýasiýasyndan soň weýran edilen binanyň içine girdik we surata düşürdik. Bu film Türkiýede we beýleki Ýewropa ýurtlarynda, ABŞ-da, Kanadada we Latyn Amerikasynda telewizorda görkezildi.

Bu gözlegiň esasy netijesi, stoluň aşagynda pena tapýanlar üçin güýçli ýer titremesinden halas bolmak mümkinçiliginiň ýokdugydyr.






22
203
camry 3.5
10 Fewral 2023
Mekdepde kan aytyadylar sular yaly zatlary
camry 3.5
10 Fewral 2023
Amin🤲
Leýla💔
10 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
gulshatayewa97
10 Fewral 2023
Relax,sen mamla
Relax
10 Fewral 2023
olia,mendä beýle pikir ýokdy welin teswir yazmam ters pikirde düşünen bolsañ ýazman düşúndim:)
olia
10 Fewral 2023
Relax,posty halamasaň dislike basda geciber👍
Relax
10 Fewral 2023
bu zatlar dogry ona garşy yazamok ýône şans hem gerek diýjek bolýan bir tarapdan
olia
10 Fewral 2023
Relax,adamda in guycli osen duygulan biri инстинкт самосохранения yagny diri galmak ucin adam hemme zat eder. Shuwagt şans eyleň-beyleň diyip oturyberiň birden ozuniz shol yagdaya dushseniz (Huday saklasyn hic kime gorkezmesin elbetde🤲) yone birden dusen yagdayynyzda sonky deminize cenli goreshjeginizi shuwagtdan aydyp biljek. O pursat şans diyen soz yadynyzada duşmez👌
Relax
10 Fewral 2023
olia, ýaponlar öz guran binalarynyñ ýykylmajagyna ynamy bolsañ mekdepde aýda 1gezek ýer titremä degişli triwoga geçyän eken şonda şeýle öwretýän ekenler elbetde stoluñ aşagyna menem binañ ýykylmajagyna garantiya bolsa grmeli kelä ol-byl gaçmaz ýaly
Relax
10 Fewral 2023
olia, 6 aýlyk cagalaram diri cykya şu wagt turkiyada 5-6 ýaşly cagalaram krawdynda ýatyrka çykýa hatda suriyada ýany dogulan cagada diri cykypdyr şü gün
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.