ylham_gurbanaly
10.02.2023 06:24
Dogry baha bermez hiç kim meňzime
Pikirlem içimi iýäýjek ýaly
Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine
Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly

Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni
Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim
Olam boş goýmady - öwezne meni
Elime tutdurdy ýalňyzlyk derdin

Aslynda göwnüm deý özüm ýygradym,
Içdäkilem ýazmagyma sebäpçi
Gussa pyçagynda arzuw dogradym
Ýüregim lowlap dur, beýnim kebapçy

Ykbalmy bu?!
Öz-özmize amalmy?
Neçüýn bolar arzuwlarym çig-çarsy
Yşk okundan atyp goýan maralmy,
Alar bir gün özge sähraň ýolbarsy...

Öz awuňa özüň dyňzap ýetmeseň
Diýerler " özüňde soňsuz günä kän "
Göreşmedik...
Şony hasap etmeseň
Maralam, awçy-da bolmaz günäkär.


Ylham GURBANALYÝEW
2022.01
12
119
Leýla💔
10 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
tkm _aýdymçy _ýigit98
10 Fewral 2023
k_25n, meňem profilimde şolar ýaly dos
tkm _aýdymçy _ýigit98
10 Fewral 2023
ylham_gurbanaly, şahyr dossum Türkiýä halkyna bagyşlap şu goşgyny aýdyma geçirjek nähili ýa rugsat bereňokmy
ylham_gurbanaly
10 Fewral 2023
k_25n, Türkiýanyň hormatyna ýas nyşany.
Tokio
10 Fewral 2023
Likeeee
k_25n
10 Fewral 2023
profil suratlara name boldy 🙁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.