Magtymgulyň näçe ýaşap dünýäden
Ötenligi hakda gidýär jedeller.
Meniň pikirimçe, şeýle bir zady
Unudýar ol hakda jedel edenler.
Uzakmy, gysgamy şahyryň ömri Eserlerniň ömri bilen ölçelýär.
Ýazany okalsa, ýaşap ýör şahyr Okalmasa, şahyr şol günem ölýär.
Has düşnükli aýtsak, onuň şygrynda
Galan ruhy - jany ýaşap ýör heniz,
Çyn şahyryň doglan güni bolsa - da,
Onun ölen güni bolmaýar hergiz
A.Atabayew