violinist
09.02.2023 12:29
•Iň uly bagt gadyryň bilinmegidir. Bu käte bagtyň özüne-de ýetdirmeýän bagt ahyry.

•Aladalar ownujak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.

•Käbir zatlaryň arzuwynda gezmek- şoňa ýeteniňdäkiden has ajaýyp.

•Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem «işleýärler» ahyry.

• Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.

• Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.


Talybyň ýandepderçesinden..

✏Meni kemçiliklerimiň bardygy däl-de, olary düzedesim gelmeýändigi gynandyrýar.

✏Ýatlamalar depderine ýazylan ýazgy: "Saňa bagt arzuw edýän. Bagtly bol, başga näme işiň bar..."

✏Adamyň söz baýlygynyň derejesini onuň „Neme...“, „Nemetmek...“ ýaly sözleri näçeräk ulanýandygy hem görkezýärmikä diýýärin.

✏Käbir adamlaryň göze dürtülip duran galplygy ýuwmarlajak boluşlary Ependiniň eşeginiň öňüne ýonuşga döküp, otdur öýtsün diýbem, onuň gözüne ýaşyl äýnek dakyşyny ýatladýar. Tagamyny nätjek diýsene...

✏Öz gussaňy, şowsuzlygyňy dil çolagy edinip, özgäni biynjalyk etmeli däl. Gynanara, derdiňi paýlaşara tutuş gijeler seniňki...

✏Bir gün redaksiýa gelen materialy okap otyrdym. „Altylygyň bäşlikden uludygy hakynda, dissertasiýa gorady alym dostum ýakynda“ diýilýänidi. Okap, boldum edip seretsem, 2 sahypasy gaçyp galypdyr. Men ony görmändirinem... Özüme şeýle pent etdim:“Sen şeýle bir ýaz! Goý, ýekeje setiriň sypyp galanam bolsa, „Wah, şu ýerde näme diýilýärdikä?!“ diýsin otursynlar!“. Ýöne hany oň ýaly gaýrat?!

✏Käte şeýle bir ýalňyzlygy küýseýän. Eý, toba, şo pursat özüm hem artykmaç ýaly...



"Kakamyrat Rejebiň pikirleri" kitabyndan
17
96
violinist
9 Fewral 2023
Sagboluň😊❤
Tokio
9 Fewral 2023
Likeeee
gulshatayewa97
9 Fewral 2023
Hakyky iň uly bagtlan biri gadyr bilinmek🌷
gulshatayewa97
9 Fewral 2023
Bagtly bol başga näme işiň bar🥰🥰🥰🥰
violinist
9 Fewral 2023
200-nji postum eken🥳
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.