BaýramBejidow
08.02.2023 21:15
Owal ahyr bütin ömür,
Diñip bilsem armanym ýok,
Ah owarram çekip jebir,
Ýeñip bilsem armanym ýok.

Telbe deý gumda agynap,
El urman özge bagyna,
Ýagşy bolup, il añyna,
Siñip bilsem armanym ýok.

Içinde galsam myşlaryñ,
Berk gysyp bekän dişlerim,
Gaýtalajak ýalñyşlarym,
Kemip bilsem armanym ýok.

Biwepadyr dünýe ýalan,
Aglan galmaz, galmaz gülen,
Bu panydan iman bilen,
Gidip bilsem armanym ýok.

Awtory: Baýram Bejidow
13
117
BaýramBejidow
8 Fewral 2023
❤GÜLHANYYM❤, dogry aýtýañyz dogry pikir nesip bolsa geljekde gözöñüne tutaryn😊 minnetdar okaýanyñyz üçin, esasy zat hem dogry pikiriñizi aýdanyñyz üçin
❤GÜLHANYYM❤
8 Fewral 2023
BaýramBejidow,я нормальны,боля говы болун хемише.Янрама дп хасаплап болмаз!Билянизми..?!Ин говы затларын омри узак боля,поезияда-да.Ыхласынызын очип гитмежегине шубхесиз мен-а.Атлы болса хасам говы болайжак ялы,ат бн таналя хемме зат.Галанам оз пикириниз,ислегиниз...!
BaýramBejidow
8 Fewral 2023
❤GÜLHANYYM❤, Alla şükür gowy siz gowmy? Şu ýañramalarymy ýazan wagtymda her gezek näme a:t goýjagymy bilmän atsyz goýýan başga sebäbä ýok😊
❤GÜLHANYYM❤
8 Fewral 2023
BaýramBejidow,Салам,ягшымы?!Наме учин гошгуларынызын 80% атсыз?
BaýramBejidow
8 Fewral 2023
❤GÜLHANYYM❤, salam baş üstine! 😊
❤GÜLHANYYM❤
8 Fewral 2023
Бу дуня сынагдыр,баш гунлик паны,
Хер дем горасагам аманат жаны,
Йыгнашлап отурма дунянин малын,
Аллахдан башга зат вагтлайындыр!

(Сорагым барды сизе,жогапласаныз...?)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.