BaýramBejidow
08.02.2023 00:03
Maňzyma batan pikirler

Soramaklyk bir minutlyk utanç, soramazlyk ömürlik utanç.

Ýapon nakyly.

* * *

Ýeke çekirtgede howp bolmasa-da, olar üýşüp gelende welin, uly betbagtlyga öwrülýärler. adamlar hem edil şonuň ýalydyr.

K Çapek.

* * *

Seniň ýagşylyk etmegiňi islemeýärin-de, ýamanlyk etmezligiňi isleýärin.

A. Nagat.

* * *

Hakyky erkek adam diňe iki söweşe — ene topragy hem maşgala namysyny goramak söweşine gatnaşýar. Başga söweşleriň hemmesi horazlara degişli.

R.Gamzatow.

* * *
Taňry guýan ýokary derejedäki zehinli kişileriň arasynda otuz ýyl işlemegim şeýle adamlarda gedemligiň, öwünjeňligiň, göripligiň bolmaýandygyny, olaryň kişi rowaçlygyna ýürekden guwanýandyklaryny ýüze çykardy.

* * *
Dünýä edebiýatynyň beýik nusgalaryndan okanlarymyň käbiriniň ýadymda galmagy meni özümiňem, galamdaşlarymyňam ýazan eserlerimize bolşundan ýokary baha bermekden saklaýar.

* * *
Erbet bolmak aňsat, gowy bolmak kyn.

* * *
Ulumsylyk sözi uly, ýagny agramly adama däl-de, özi agramsyza mahsus bolýar.

* * *
Ol gözeli eşigi bezemän, onuň özi eşigini bezeýär.

* * *
Dükanlarda hyrydarsyz ýatýan kitaplaryň awtory bolmakdan, ýöne okyjy bolmak – hem abraýdyr hem bähbitdir.

Atajan TAGAN.
19
235
Myhman Myhman
8 Fewral 2023
Gulsat yokmyka gaty gyssagly gerekdi mana
Myhman Myhman
8 Fewral 2023
Suraty diysene hakykatdam seyle hazirki adamlar
violinist
8 Fewral 2023
Gowy bol, şonda gowy bor 😊👍
ideallider
8 Fewral 2023
Manyly👍
Leýla💔
8 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
prenses👸
8 Fewral 2023
👍👍👍...
Relax
8 Fewral 2023
Ýaponlar erbedaii😁👍🏻
Tokio
8 Fewral 2023
Likeeee👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.