ÝALANYŇ MUZEÝI
Binanyň özünden başlap, içindäki ähli eksponatlar galp, aldaw we ýalandygy bilen tapawutlanýan dünýädaki ýeke-täk muzeýi hakynda.
Her muzeýiň esasy gymmatlygy gadymy eksponatlar onda-da gadymy ýadygärlikleriň asyl nusgasy hasaplanýar. Ýewropada sergisinde ýekeje-de hakyky zadyň ýokdugyna buýsanýan ýeke-täk muzeý bar. Emma beýle ýagdaý muzeýe bolan gyzyklanmany azaltmaýar. Bu muzeý Germaniýanyň Küritz şäherindäki ýalan muzeýidir (Lügenmuzeý).
"Gözleriňize ynanmaň"
Muzeýiň müdiri, suratkeş Reýnhard Zabka sungatyň hyýaldygyny we bu muzeýiň sungatyň aýrylmaz bölekleri bolan hakykat bilen ýalanyň arasyndaky inçe, durnuksyz çyzygy bulaşdyrmaga mümkinçilik berýändigini öňe sürýär. Eksponatlaryň hemmesiniň galpdygy we olar bilen baglanyşykly özüne çekiji, tolgundyryjy hekaýalaryň diňe fantastika bolandygy myhmanlardan gizlenmeýär. Muzeýiň şygary myhmanlara görýän zatlaryna ynanmazlygy ýatladýar.
Ýalanlar muzeýi 200 ýyllyk ýaly görünýän, ýöne aslynda bary-ýogy birnäçe ýyllyk binada ýerleşýär. Girelge gelýänlere ýaşlygyň eliksirini we süýji torty dadyp görmek teklip edilýär, ýöne bu diňe çaý we plastmassadan ýasalan tort bölegi.
Muzeýiň sergisi üýtgeşik we ajaýyp taryhy bolan geň zatlar bilen doldurylan on sany giň zalda ýerleşýär.
Myhmanlar bu ýerde:
•Alladdine degişli bolan uçýan halyny;
•jadygöýüň tötänleýin ýatdan çykaran uçýan sübsesini;
•Gitleriň murtuny;
•Titanik gämisinden tapylan gadymy radiony;
•Staliniň kakasynyň köne şwabrasyny;
•beýik suratkeş-impressionalistleriň öň belli bolmadyk suratlaryny;
•Wan Goguň gulagyny;
•mumiýalary, köwüşleri, oýunjak uçaralry we başgalary görüp bilerler.
Her eksponatyň aşagynda önümiň we onuň gelip çykyşynyň jikme-jik beýany bolan bellik bar, şeýle-de hemme zada ynanmaly däldigiňizi hem ýatladýar. Muzeýiň müdiriniň sözlerine görä, ol eksponatlaryň köpüsini Maunhauzeniň agtygyndan miras alypdyr. Emma munuň dogry ýa-da toslama däldigi belli däl, sebäbi bu ýalanyň muzeýi ahyryn.