Sen gidensoñ, ähli zatlar üýtgedi,
Güneşem öñki deý saçmady nurun,
Ykabalyma ümür geldi, gitmedi,
Gussam täzeledi öñki guburun.
Sen gidensoñ, ýaz gelmedi dünýäme,
Pyntyk ýaran, baldagymam gurady,
Geçmiş hakda ýazylan ol şygyrlar,
Maña düzlen ýaly bolup ugrady.
Ýekelikde sojap, kiçjik çaga deý,
Gözýaşymyñ damjalarny gizledim,
Gijelerne telbe ýaly urunyp,
Sensizligiñ çykalgasyn gözledim.
Seniñ bilen giden ähli arzuwmyñ,
Ýasyn tutdum, mazaryna gül goýup,
Sen gidensoñ, gözelligin ýitirdi,
Gunça açan gülzarlygym çöl bolup...
Awtory: Baýram Bejidow