Dusia
07.02.2023 11:55
Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de:
– Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän:
– Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi.
– Beýle bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn: her sagatda ýigrimi dollar gazanýan.
Oglanjyk biraz oýurganyp durandan soň:
– Kaka jan. Onda maňa on dollar karz beräý-dä – diýip, ýadaw kakasyndan pul sorady.
Muňa kakasynyň hasam gahary gelip:
– Bor-bolgusyz oýunlaryňa berer ýaly, mende üýşüp ýatan pul ýok! Hany derrew otagyňa git, gapynam ýap! — diýdi.
Ogly sesini çykarman otagyna gidip gapysyny ýapandan soňam kakasynyň hüňürdisi ýatmady:
– Şu zamanaň çagalaryna düşüner ýaly däl. Çaga nädip beýle zada het edip bilýärkä?!
Bir sagat töweregi wagt geçenden soň kakasy az-kem köşeşipdi. Puluň näme üçin gerekdiginem soramandygy hakda oýlandy. Oglunyň otagyna baryp, krowatynda uzanyp ýatan oglundan uklap-uklamandygyny sorady. Ogly:
– Uklamadym – diýdi. Kakasy oglundan ötünç sorady:
– Saňa gatyrak käýäýdim öýdýän oglum. Meni bagyşla! Bu gün biraz agyrrak işledim, ýadapdyryn – diýip, elindäki puly uzatdy. – Al oglum, on dollaryňy!
Muny eşiden oglanjyk tarsa ýerinden turdy-da, kakasyna sagbolsun aýtdy:
– Sag bol, kaka jan!
Şondan soň ol ýassygynyň astyndan eplem-eplem ownuk pullaryny çykardy. Elindäkisini hem üstüne goşup, pullaryny sanamaga durdy. Oglunyň bu hereketini gören kakasy ýene-de gaharlanjak boldy:
– Puluň barka, näme üçin ýene pul soraýaň?! Seniň biderek oýunlaryňa berere pulum ýok diýip ýaňy aýtdym-a saňa!
Çaga kakasynyň käýemesine üns bermedi. Ol:
– Ýöne meniň pulum ýeterlik däldi-dä! Indi jemläp bildim – diýdi-de, elindäki pullaryny kakasyna uzatdy:
– Kaka, ine saňa ýigrimi dollar! Indi meniň bilen oýnamaga bir sagadyňy aýryp bilýäňmi?
25
964
Relax
29 Dekabr 2023
@dusia_maksatmyradowna, dogry belli bir yasa cenli gysyp saklap bolar welin, barbir wagtyn gecmegi bilen talap edip baslaya hazir cagalar
Dusia
29 Dekabr 2023
@Relax, ene ata sesi çıkmasa bolýa dp berýärler telefon, azajyk kelle agyrdyp wagt geçirse diňlese, öwretse, maslahat berse, ýalňyşdygyny görkezse, hemme zadyň wagtynyň bardygyny kellesine guýsa wopşe başgaça terbiýesi bolardy, emma kelle agyrdaslary gelenoklar häzir her kim ýetişiksiz gara günde başagaý men başlyklaýyn 😅
Relax
29 Dekabr 2023
@dusia_maksatmyradowna, üns berilendede telefondan gysyp saklamak kyn bolaymasa hazir ...
Dusia
29 Dekabr 2023
@Relax, şo üns berilmänsoň doganlaram oýnaýada, üns berilmänsoň ellerine telefon berilýäda 🤷🏻‍♀️
Relax
29 Dekabr 2023
@dusia_maksatmyradowna, köp ene ata oz islegi berya hazir, sessini goýsa boldy diyip yada ozinden uly doganlarynda gorya dawa etya ummuman her bir adamda bar zat telefon
Dusia
29 Dekabr 2023
@Relax, ene ata üns bermänsoň şeýledä
Myhman Myhman
16 Fewral 2023
Çaga terbiýesi barada ylmy taýdan tassyklanan maglumatlar goýulsa gowy
Myhman Myhman
14 Fewral 2023
Cagalara mahirli bolmaly isden gelenden son ogsap bugun nameler etdin balam... diymeli.😊
Myhman Myhman
14 Fewral 2023
Azajyk cagada uns bermeli
Myhman Myhman
14 Fewral 2023
Azajyk cagada uns bermeli
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.