☘️☘️☘️
07.02.2023 04:45
Berdinazar HUDAYNAZAROW

Ene gosgusy
Mahmal sähram sen bolup.
Bahar maña bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.
Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, nähili betdim
Hernä kejiñe gitdim,
Sen bar diyip jahanda.
Näme diýseñ tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saña hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.
Ona yetsemem çaga,
Ondan otsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bar diýip jahanda.
Ellä ýetmän eje jan,
Gözüñ ýumlan mahalda,
Ozüm aldap kän gezdim,
Sen bar diyip jahanda.
Yogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
A men dünýä gelipdim,
Sen bar diyip jahanda
6
58
Myhman Myhman
7 Fewral 2023
Gowy gosgy bolupdyr
Leýla💔
7 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
Tokio
7 Fewral 2023
Likeeee
gulshatayewa97
7 Fewral 2023
Gaty gowy gorýäs şu gosgynam🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.