BaýramBejidow
07.02.2023 00:31
Kadyr Allam! Goragyňa mätäç men,
Owal süyji-süyji gepländen gora,
Ýalňyşsaň harama iterjek bolup,
Ýalbaryp dyzyňa çökyänden gora!

Azdyrmawer sähel ýakam galynsa,
Pes etmäwer, içde sabrym kemilse,
Il derdine aglap, gülse gülünse,
Namysy, dostlugy satýandan gora!

Ygtyyar bermäwer azan ynsana,
Girsem kämil bolup gireýin saňa,
Söyýärkäm kükrekden jan goşup jana,
Soňunda döşünden itýänden gora!

Jan-saglyk berewer ilin deňinde,
Azaşmazym ýaly durmuş çaňynda,
Ejizlese göwnüm merdiň öňünde,
Gybaty töhmetden etýänden gora!

Gara zähmet bilen Halala dyzap,
Gitmesin gollarym harama uzap,
Çekmeli bolsamda günäme azap,
Ynsabyn ýuwudan betpälden gora!


Awtory: Baýram Bejidow
11
87
Myhman Myhman
7 Fewral 2023
😍👏👏👏👏
Tokio
7 Fewral 2023
OOO.Likeeeeee👏👏👏👏
okayjy
7 Fewral 2023
Söýýärkäm kükrekden jan goşup jana...👍
Leýla💔
7 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.