Gadym wagtlarda bir patyşa we onuň örän owadan bir gyzy bar eken. Patyşanyň gyzy bir gün seýle çykanda ony bir bürgüt alypdyr. Patyşa derrew jar çekdiripdir:
— "Kimde kim gyzymy halas etse gyzymy şoňa berjek" diýip.
Patyşanyň ýanyna üç sany men diýen türkmen ýigitleri at çapdyryp barypdyrlar we gyzy halas edip biljekdiklerini aýdypdyrlar. Patyşa olardan sorapdyr:
—"Ýeri meniň gyzymy nädip halas etmekçi" diýip.
Olaryň birinjisi jogap beripdir:
—"Patyşahym men örän gowy ok atýaryn eger şagyzy henizem bürgüdiň elinde bolsa ony ok-ýaýym bilen derrew ýere gaçyraryn".
Patyşa ikinji ýigide garap
—"Ýeri sen nädip halas etmekçi meniň gyzymy" diýipdir.
Ikinji jogap beripdir:
—"Patyşahym men örän gowy ýüzüjidirin eger bürgüt şagyzyny suwa gaçyraýsa ony derrew ýüzüp halas ederin" diýipdir.
Patyşa üçünjiden sorapdyr. Üçünji:
—"Patyşahym men hemme däri dermanlary gowy bilýändirin eger şagyzy agyr ýaralanaýsa men ony derrew däri dermanlarym bilen sagaldaryn" diýipdir.
Patyşa üçüsini hem diňläninden soň olary iberipdir. Ýigitler şagyzyny tapanlarynda ol henizem bürgüdiň elinde eken. Birinji ýigit haýdan haý ýaýyny gerip okuny atypdyr. Ok bürgüde degipdir we şagyzy suwa gaçypdyr. Ikinji ýigit derrew çalt ýüzüp gyzy suwdan çykarypdyr. Emma gyzyň haly harap bolupdyr zordan dem alýar. Üçünji ýigit derrew däri dermanlary bilen ony tizden-tiz aýaga galdyrypdyr. INDI SIZE SORAG PATYŞA GYZYNY BU ÝIGITLERIŇ HAÝSYNA BERIPDIR WE NÄME ÜÇIN BERIPDIR???